Paýtagtymyz toýdan toýa ulaşýar

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde eziz ata-Watanymyzda toýdyr baýramçylyklar goşa-goşadan gelýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji maýynda gözel Aşgabat şäherimiziň 140 ýyllyk ýubileý toýy giň gerimde dabaralandyryldy. Merjen şäherimiz bolan Aşgabat şäheri 140 ýyl mundan ozal ýurdumyzyň tebigatynyň iň owadan ýerlerinde döredilipdir. Gözel paýtagtymyzyň özboluşly täsin tebigaty diňe bir döredijilik adamsyny däl-de eýsem her bir ynsanyň kalbyny heýjana getirýär. Aşgabat şäheri ekologiýa taýdan arassa, tämiz howasy bilen tapawutlanýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň raýatlaryny Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly senesi mynasybetli gutlady hem-de Çoganly ýaşaýyş jaý toplumynda 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde gözel şähermiziň demirgazygynda “Aşgabat siti” atly täze ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toýy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde, Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge uly şahsy goşantlaryny goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiliginiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, guramalaryň işgärlerine ýokary döwlet sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Zähmeti bilen tapawutlanan we paýtagtyň durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşan Aşgabadyň ýaşaýjylaryna döwlet baýraklarynyň dabaraly gowşurylyşy “Ak şäherim Aşgabat” ýadygärliginde geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň halypa mugallymlary Babasary Annamyradow hem-de Saragt Babaýew Aşgabat şäherini gözelleşdirmekde bitiren işleri üçin “Ruhubelentlik” ordeni bilen sylaglanyldy.  

Owadan paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen medeni-durmuş maksatly binalary gurmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylyp, şol işlere uly maýa goýum serişdeleri gönükdirildi. Ýurdumyzyň baş şäheri onuň ýaşaýjylarynyň ýürekden söýgüsiniň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitaby bolsa paýtagtymyzyň şanly 140 ýyllygy mynasybetli milli Liderimiziň halkymyza ajaýyp peşgeşidir.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty” diýen belent adyň dakylmagy tutuş halkymyzyň çäksiz hoşallygynyň, hormat-sarpasynyň aýdyň beýanydyr. Bu belent adyň dakylmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys hem-de berk jan saglygyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Arzygül GUBAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy.