Talybyň täzeçe ylmy çözgütleri

Hormatly okyjylar! Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» ady bilen geçirilen ylmy taslamalaryň sergi bäsleşiginiň ýeňijisi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň talyby Ýolaman Mämmedowyň «Ýurdumyzda Halkara ippoterapiýa sagaldyş merkezini döretmegiň wajyplygy» atly taslamasyny Size ýetirmegi makul bildik.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow:

– Biz sähelçe salym hem özümiziň bedewlerimize berýän ünsümizi gowşatmaýarys, sebäbi olar biziň guwanjymyz we şöhratymyzdyr, biziň ruhy galkynyşymyzyň çeşmesidir. Türkmen topragynda doglan Ahalteke bedewi tebigatyň we adamyň ösen zähmetiniň we akyl-paýhasynyň peşgeş beren ajaýyp sazlaşygynyň, owadanlygyň, gözelligiň we gaýtalanmajak okgunlylygyň simwoly bolup durýar.

Halkymyzyň öz behişdi bedewleriniň gadyryny uly dereje bilen arzylaýandygy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has hem aýdyň görünýär. Hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyzyň, şol sanda ahal-teke bedewlerimiziň şöhratlanmagyna ak ýol açmagy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem beýleki halklaryň hem bähbidine boldy. Çünki ahalteke atlarynyň muşdaklary dünýäniň ähli ýurtlarynda hem köp. Türkmen bedewleri dünýä möçberinde geçirilýän uly halkara marafon aralygy, adaty at çapyşygy hem-de gözellik sergisi ýaly birnäçe ýaryşlarda hem özlerini äleme tanadýan atlardyr. Gahryman Arkadagymyz owadanlykda, ýyndamlykda, çydamlylykda, ynsan deýin duýgurlykda zeminde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimize belent sarpa goýmagy, tutuş kalbyň bilen olara buýsanmagyň şahsy göreldesini görkezmegi bütin dünýäde ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny  has-da artdyrdy. Türkmeniň behişdi bedewlerini näçe taryp etseň-de bärden gaýdýar.

Gahryman Arkadagymyz türkmen bedewine bolan çäksiz söýgüsini olara bagyşlap ýazan eserlerinde has anyk beýan edýär. Şonuň üçin hem türkmen durmuşynda bedewleriň ornuny öwrenmekde milli Liderimiziň eserleri gymmatly çeşmedir. Hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewleri barada şeýle diýýär: «Biziň milli buýsanjymyz, Türkmenistanyň döwlet Tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň hakyky simwolydyr we onuň parahatçylyga we dünýäniň ähli halklary bilen dostluga ymtylyşynyň şaýadydyr».

Türkmen halkynyň göz guwanjy bolan bedewleriň ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda hem peýdasy uludyr. At münmek, adamda duş gelýän dürli keselleri bedewe bolan ýakymly garaýyşlaryň, söýginiň täsiri bilen bejermek usulydyr. Irki wagtlarda maýyplygy bolan adamlara saglyk kömegini bermekde ippoterapiýadan peýdalanylypdyr. Ippoterapiýada ruhy we beden sagdynlygy sazlaşýar. Has anyk düşündirip aýtsak, bedewiň ýanyna baran adam ýakymly duýgulary başdan geçirýär. Bedewiň gözelligi, mähirliligi, oňa dakylan esbaplaryň, şaý-sepleriň nepisligi, owadanlygy ruhy taýdan oňyn täsirini ýetirýär. Adam ownuk-uşak aladalardan saplanýar, göwni ganatlanýar. Ata-babalarymyz «Bedew münen hassa sagalar» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Bejergi üçin at münlende, ýarawsyz adam bedewiň üstünde eýersiz oturýar, şonuň netijesinde atyň endamynyň gyzgyny oňa täsirini ýetirýär. At münmek adamyň merkezi nerw ulgamynyň işjeňligini artdyrmak bilen, onuň hereketine tygşytlylyk, takyklyk, ynamlylyk häsiýetini çaýýar, göwräňe arkaýyn erk etmegi, deňagramlylygyňy saklamagy öwredýär. At münmegiň peýdasy beden synalarynyň öňe-yza, aşak-ýokaryk, saga-çepe bolup geçýän endigan yraň atmalarynyň, şeýle-de at münýäniň başdan geçirýän ýakymly duýgy pikirleriniň bir ýere jemlenmegi arkaly ýüze çykýar. Ippoterapiýanyň kömegi bilen esasan çaga ysmazyny, bil-oňurga ýiliginiň zeperlenmelerini, myşsa işjeňliginiň düýpli bozulmalaryny bejermekde oňat netije gazanyp bolýandygy subut edildi.  Alymlar at münmegiň, at çapmagyň saglyk üçin uly täsiniň bardygyny nygtaýarlar.  Soňky ýyllarda dünýäniň köp ýurtlarynda atçylyk sporty bilen meşgullanmak köpçülikleýin çärä öwrüldi. At münmegiň köp keselleri bejerýändigi anyklanyldy. Lukmançylykda muňa «ippoterapiýa» diýilýär. Bu barada gadymy grek lukmany Gippokrat: «At münüň, at ýaly sagdyn bolarsyňyz!» diýip ündäpdir. Atçylyk sporty bilen meşgullanmak diňe bir bäsleşmegi aňlatman, eýsem, ol gujurly, sagdyn, gaýratly adam bolup ýetişmegiňe-de kömek edýär.

At bilen bejergi usuly haçan ulanylmaga başlanandygy barada doly maglumat ýok. Emma b.e.öňki 400-nji ýyllarda hekimleriň atyň hassalyklara bolan kömeginiň bardygyna düşünipdirler. Munuň sebäbi at bilen bejergi usulynyň kitaplarda we beýleki maglumatlarda duş gelinmegidir. 1569-njy ýylda Italýan ýazyjysy Merkuriýalis “gimnastika hünäri” atly eserinde we fransuz alymy Tissot 1780-nji ýylda ýazan “Medikal we jerrahy gimnastika” atly işlerinde at münmegiň saglyk näsazlyklarynyň çözülmesine ullakan derejede peýda edýändigini belläp geçipdirler. Şu döwürlerde geçirilen barlaglaryň netijesinde, Angilýadaky maýyp adamlaryň we Ikinji dünýä söweşinde ýaralanyp gelenleri bejermekde at bilen bejergi usulyny ýüze çykarypdyrlar. 1950-nji ýyllarda iňlis fizioterapeftler her hili hassalyklary atlaryň kömegi bilen bejerip boljakdygyny anyklap öz teoriýalaryny has hem giňeldipdirler.

Ippoterapiýa bu psihoterapiýada ulanylýan bejeriş usullarynyň biri bolup, ol atlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Lukmançylykda oňa köplenç atyň üstündäki bejergi diýilýär. Medisinada ippoterapiýa diýip atlandyrylan at bilen sagaldyş usuly tebigata gönüden-göni baglanyşykly bolan gurşawda ippoterapeftler (ýörite taýýarlygy bolan hünärmenler) tarapyndan ýerine ýetirilýär. Fiziki deňagramlylyga we seresaplylyga  bagly bolan ippoterapiýa usuly näsag adamyň özüne ynamyny artdyrýar. Nerw we gan aýlanyş sistemalaryny düzedýär.

Ippoterapiýanyň aýratynlyklary barada bellänimizde adam onuň bilen meşgullanan wagtynda beden we aň-duýgy ulgamyna oňaýly täsir edýär. Ippoterapiýa bilen meşgullanmak endamyň ählumumy işjeňligini talap edýär. Ippoterapiýa bejergisi has-da maýyp çagalar bilen işleşeňde aýratyn ähmiýetlidir. Çünki olar öz deň-duşlary bilen fiziki we aň taýdan doly derejede kämil aragatnaşyk saklamagy başarmaýarlar.

Ippoterapiýa usuly esasy bejerginiň ýanyndan berilýän kömekçi bejergi hökmünde peýdalydyr. Ippoterapiýa – bejeriji maşklara degişli usuldyr. Onuň beýleki maşklardan esasy tapawudy hem bedeniň hemme myşsalarynyň bir wagtda ýygrylmagy bolup durýar. At münen näsag bütin bejerginiň dowamynda özüniň deňagramlylygyny saklajak bolýar, atdan ýykylmazlyga ymtylýar we netijede myşsalarynyň ýygrylmagyny üpjün edýär. Has takygy: hereketlenmäniň dürli bozulmalaryny bejermekde, duýujy agzalaryň işiniň bozulmalarynda, çagalaryň fiziki we akyl ösüşinden yza galmaklykda, newrozlarda we dürli nerw-ruhy dartgynlyklary bejermekde, oňurga sütüniniň dürli gyşarmalaryny, osteohondrozlary bejermekde ulanylýar.

Ippoterapiýa usuly 1950-nji ýyllardan başlap daşary ýurtlardan giňden ulanylyp başlanýar. Ilkibaşda bejerginiň bu usuly Skandinawiýa ýurtlarynda, Germaniýada, Fransiýada, Gollandiýada, Şweýsariýada Angilýada, Polşada ornaşdyrylypdyr. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň arasynda diňe Russiýa Federasiýasynda ippoterapiýa usuly, resmi bejeriş usuly hökmünde ykrar edildi. Polşada şular ýaly merkezleriň 60-sy bar. Jemi dünýäniň 45 ýurdunda at münmek bilen bejerilýän özbaşdak merkezler we klublar bolup, olarda at münülýän ýerler we maýyplary mündürer ýaly atlar bardyr.  2014-nji ýylyň dekabr aýynyň 20-ine Türkiýäniň Malatýa şäherinde täze Ippoterapiýa merkezi açyldy. Ol ippoterapiýa merkezi Halkara derejesinde bolup, oňa dünýäniň köp ýerinden hassalar gelýär.

Biziň gymmatly baýlygymyz bolan ahalteke bedewleri diňe bir Türkmenistanda däl eýsem dünýä döwletlerinde hem uly meşhurlyga eýedir. Şol maksat bilen iň gymmatly baýlygymyz we hazynamyz bolan ahalteke bedewlerimiziň üsti bilen halkara derejesinde sagaldyş merkezini döretmegi teklip etmek arkaly halkymyza peýda ýetirmegi göz öňünde tutulýar. Eger ýurdumyzda halkara derejesinde ippoterapiýa sagaldyş merkezi gurulsa bu diňe biziň halkymyza däl eýsem, Merkezi Aziýadaky milletlere hem uly peýda getirer.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik işleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredip berýän Mähriban Arkadagymyzyň janyň sag, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny talyp ýüregimizden arzuw edýäris.

Meňzeş habarlar