Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, häzirki döwürde dünýäde koronawirus ýokanjynyň indi beýleki görnüşleri bilen keselleýän adamlaryň sanynyň köpelýändigini belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň hem-de şu toparyň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazowyň häzirki döwürde ýurdumyzdaky ýagdaý, bu ugurda geçirilýän anyk işler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Iş maslahatynyň dowamynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, adatdan daşary toparyň başlygy N.Amannepesow täze, has netijeli waksinalary satyn almak boýunça degişli Kararyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz saglyk üçin ýokary netijesi bolan waksinalary satyn almak baradaky teklibi makullady we degişli Karara gol çekip, halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda döwletimiziň zerur bolan serişdeleri gaýgyrmajakdygyny belledi.

Milli Liderimiz iş maslahatyny dowam edip, täze koronawirus ýokanjynyň bütin dünýäde giňden ýaýran pandemiýa şertlerinde ýurdumyza bu ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almak hem-de raýatlarymyzyň saglygyny goramak üçin ähli zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Gören çärelerimiziň netijesinde häzire çenli ýurdumyzda bu ýokanç kesel bilen kesellenen ýagdaý ýüze çykarylmady. Ýöne, muňa garamazdan, biz ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny güýçlendirmelidiris. Täze koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy goşmaça göreş çärelerini görmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz dürli ýokançlaryň ýaýramagynyň öňüni almak we raýatlarymyzyň saglygyny goramak üçin bu ýerde Dolandyryş merkeziniň döredilendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Dolandyryş merkeziniň işini güýçlendirmek üçin, merkeziň ýolbaşçylaryny çalyşmak barada karara gelendigini aýdyp, bu baradaky hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň düzümini tassyklamak hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli gulluklaryň öňünde goýlan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, olary talabalaýyk ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.