EDEPLI ILE ÝARAR...

Halkymyzda «Edepli ile ýarar» diýen ajaýyp pähim bar. Halkymyzyň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan baý medeni mirasy, milli däp-dessurlary egsilmez hazynadyr. Bu gymmatlyklar nesilden-nesle geçirilip, has-da kämilleşdirilipdir. Şolaryň biri hem maşgala gymmatlygydyr. Halkymyzda maşgala terbiýesine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar. Maşgala döwletimiziň we jemgyýetimiziň ilkinji düzümi hasaplanýar. Perzendi akylly-başly, edep-terbiýeli edip ýetişdirmek her bir ene-atanyň baş maksadydyr. Bu babatda türkmeniň döwletlik ýörelgelerine daýanyp Gahryman Arkadagymyzyň görkezýän şahsy göreldesi we öňde goýýan aýdyň wezipeleri jemgyýetiň mizemez binýadyny pugtalandyrdy.

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 1-ne Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde hemmetaraplaýyn milli häsiýetli, belent ahlakly, watançy, halal ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen bilelikde «Ýaşlarda ahlak we hukuk kadalaryň sazlaşygy – kämil şahsyýetiň keşbidir» atly geçirilen wagyz-nesihat duşuşygam bu işleriň özenini düzdi.

Oňa Ýaşlar guramasynyň we Zenanlar birleşiginiň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Içeri işler ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň şeýle hem ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler halkymyzyň milli mirasyny nesillerden-nesillere geçirmek, beýik söz ussatlarynyň ruhy-edebi mirasyny öwrenmek, ony ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy aýratynlygydyr. Munuň özi olarda watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, ýokary ahlaklylyk, janypkeşlik, ynsaplylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, agzybirligi has-da pugtalandyrmak, halal zähmete hormat goýmak hem-de ýaşlarda milli gymmatlyklarymyza bolan çäksiz söýgini döretmek halkymyzyň milli ýörelgeleriniň içinde eriş-argaç bolup geçýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň asuda durmuşyny üpjün etmek, saglygyny goramak,  ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertleri döretmek möhüm ugurlar bolup durýar.

Hut şu möhüm wezipeleriň esasynda Mähriban Arkadagymyzyň jemgyýetimizde ýaşlaryň arasynda ruhy ahlak gymmatlyklarymyzy sagdyn durmuş ýörelgelerimizi ýaýbaňlandyrmak, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil nesli terbiýelemek ýetişdirmek, ýaş nesliň ruhy-ahlak terbiýesini kämilleşdirmek barada öňde goýýan anyk wezipeleriniň uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar «Ähli gymmatlyklaryň güýji ynsanperwerlik, adamkärçilik kadalarynda jemlenýär. Her bir kämil jemgyýetiň binýady şol kadalaryň esasynda pugtalanýar» diýip, ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerini hakykat ýüzünde durmuşa geçirýän we şeýle mizemez kadalary, asylly ýörelgeleri rowaçlandyrýan, jan Watanymyz Türkmenistany dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirýän, hoşniýetli parahatçylyk ýörelgämizi mynasyp dabaralandyrýan ýaşlaryň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömriniň uzak, belent başynyň aman, aýdyň maksatly döwletli tutumly işleriniň bolsa uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.