SAGDYNLYK YNSANYŇ BAŞ TÄJIDIR...

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentini Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda geçiren Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen guralýan «Hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýet ýörelgesi bagtyýar durmuşyň kepili» atly terbiýeçilik ähmiýetli maslahat duşuşygy geçirildi.

Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, saglygy goraýyş ulgamynyň we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler halkymyzyň milli mirasyny nesillerden-nesillere geçirmek, beýik söz ussatlarynyň ruhy-edebi mirasyny öwrenmek, ony ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy aýratynlygydyr. Munuň özi olarda watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, ýokary ahlaklylyk, janypkeşlik, ynsaplylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtap geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar «Ähli gymmatlyklaryň güýji ynsanperwerlik, adamkärçilik kadalarynda jemlenýär. Her bir kämil jemgyýetiň binýady şol kadalaryň esasynda pugtalanýar» diýip, ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerini hakykat ýüzünde durmuşa geçirýän we şeýle mizemez kadalary, asylly ýörelgeleri rowaçlandyrýan, jan Watanymyz Türkmenistany dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirýän, hoşniýetli parahatçylyk ýörelgämizi mynasyp dabaralandyrýan ýaşlaryň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömriniň uzak, belent başynyň aman, aýdyň maksatly döwletli tutumly işleriniň bolsa uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

 

 

Bägül BEKÇIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Medeniýet bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

Resmi habarlar

Indiki makala

Resmi habarlar