21-nji oktýabrda Tejen şäherindäki Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň Mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Ýygnagyň dowamynda Polisiýanyň KÝÝIBB-niň Tejen şäher, etrap bölüminiň işgäri B.Bäşimow Tejen şäher häkimliginiň baş hünärmeni G.Agajanow, TMÝG-niň Tejen şäher Geňeşiniň bölüm müdiri K.Nurberdiýew, TDP-niň Tejen şäher komitetiniň başlygy S.Annaýew dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2021-nji ýyl “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi bilen bu ýylda biziň ählimiziň öňümizde uly wezipeler durýandygyny, ýurdumyzda ynsan saglygy jemgyýetiň baş baýlygy hasaplanylýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň: “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyz belent maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap terbiýe, ylym-bilim bermek hem-de sagdyn bedenli bolmaklary üçin yzygiderli ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirip durmalydygyny we ýaramaz endiklerden gaýry durmaklaryny gazanmagymyz ugrunda zähmet çekmelidigini nygtadylar.
Täzelikler
IL-SAGLYGY, ÝURT-BAÝLYGY
22 Oktýabr 2021
11501

Meňzeş habarlar
08 Iýul 2025
| 1 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
TÜRKMENISTAN HALKARA MALIÝE GURAMALARYŇ GOLDAWY BILEN ÜÇ...
07 Iýul 2025
| 11 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW DIKUÇARDA ARKADAG ŞÄHERINDÄKI...
04 Iýul 2025
| 32 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>