BILIM SYÝASATY — DÖWRÜŇ TALABY

Häzirki wagtda ylymly, bilimli, ýokary ahlakly, watansöýüji ýaşlary terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halk. Döwlet. Prezident. Demokratiýa. Parahatsöýüjilik. Döredijilik we ösüş ýoly bilen belent maksatlara tarap” atly maslahat geçirildi. Institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowanyň alyp barmagynda geçirilen bu maslahata professor-mugallymlardyr talyplar gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň ösüşiniň täze döwri – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başarnykly, giň gözýetimli, öz zähmeti bilen ýurdumyzyň şöhratyna şöhrat goşjak, mukaddes Watany, ene topragy jany – teni bilen söýýän nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil innowasion tehnologiýalardyr maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak babatda öňde goýan döwlet syýasaty dogrusynda täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle-de olar ýurdumyzda “Bilim hakynda” Türkmenistanyň kanuny,  “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy”,  “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we beýleki resminamalaryň ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmekde esasy hukuknamalar bolup hyzmat edýändigini nygtadylar. Maslahatyň çäklerinde talyp ýaşlaryň çykyşlaryna hem aýratyn orun berildi.

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby Arslan Syýahatowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň “Jan Watanym Türkmenistan” atly goşgusyny ýerine ýetirmegi maslahatyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara okamaklary, öwrenmekleri, döretmekleri, ösen tehnologiýalardan kämil baş alyp çykarmaklary babatda döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

 

Merjen AŞYROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar