Häzirki döwürde ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň nusgalyk ýoluny wagyz etmek işi döwrebap hem-de milli ýörelgelere esaslanyp mynasyp dowam etdirilýär. Ynha şulardan ugur alyp, şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde TMÝG-niň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda “Şöhratly pederlerimiziň nusgalyk ýoly – terbiýäniň milli mekdebi” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Hakykatdan hem ata-babalarymyzyň şu güne çenli gelip ýeten ýoly milletimiziň millilik mekdebi diýsek ýalňyşmasak gerek. Däp-dessuryny, milli gymmatlyklaryny, ýagşy gylyk häsiýetlerini mukaddeslik derejesine ýetiren merdana halkymyz bu günki gün bu asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirip, nesillerimizi terbiýeläp ýetişdirmekde nusgalyk sapak edinýär. Terbiýäniň adamzadyň durmuşynda, ömür ýolunda tutýan ägirt uly ornuny bellemek gerek. Çaganyň has irki döwürde alan terbiýesi onuň ömür menzilini kesgitleýär. Edep, terbiýe mukaddes ojakdan, maşgaladan başlanýar. Ynsanyň ykbalynda atanyň ogla, enäniň gyza görkezýän göreldesiniň näderejede uludygyna adamzat jemgyýeti asyrlaryň dowamynda has aýdyň göz ýetirdi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda ýaş nesli milli ruhda, sagdyn, berk bedenli edip terbiýeläp ýetişdirmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.
Bilim
Şöhratly pederlerimiziň nusgalyk ýoly – terbiýäniň milli mekdebi
22 Aprel 2022
7643

Meňzeş habarlar
10 Iýun 2025
| 19 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETINDE YLYMLAR...
04 Iýun 2025
| 60 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
TÜRKMENISTANDA OKUWÇYLARYŇ TOMUSKY DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMI...
03 Iýun 2025
| 679 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>