Ildeşimiz agyr atletika boýunça dünýä ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy

Turkmenistanly Medine Amanowa, 2005-nji ýyldan soň dunyä inen türgenleriň arasynda agyr atletika boýunça Meksikanyň Leon şäherinde geçirilýän ýetginjekleriň dünýä ýaryşynda itekläp galdyrmakda bürünç medal eýeledi. Ol bu üstünligi 59 kilograma çenli agram derejesinde gazandy, şonda 12 ýurtdan agyr atletikaçylaryň 14-si baýrak ugrunda bäsleşdiler.

Medine itekläp galdyrmakda 83 kg göterdi. Şu görnüşde kümüş baýraga eýe bolan kolumbiýaly Dubaneý Sinisterra Angulonyň görkezijisi bilen deňdir we ekwadorly Jessika Izabel Palasios Dahomesiň görkezijisinden 1 kg. azdyr.

16 ýaşly Medine kakasy – Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň we gyzlaryň arasynda (17 ýaşa çenli) Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Gurbandurdy Amanowyň ýolbaşçylygynda agyr atletika bilen meşgullanýar.

Türkmenistanyň şu agram derejesinde çykyş eden ýene-de bir wekili Gülälek Kakamyradowa 165 kg. (74+91) netije görkezip, dokuzynjy orny eýeledi.

Dünýä ýaryşynyň ýeňijisi Kolumbiýadan Dubaneý Sinisterra Angulo – 187 kg. (83+104) boldy. Ikinji orny Müsürden Hanin Ahmed el-Said – 185 kg. (82+103) eýeledi. Üçünji orna bolsa Ekwadordan Jessika Izabel Palasios Dahomes – 183 kg. (84+99) mynasyp boldy.

18-nji iýunda tamamlanjak dünýä ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan: erkekleriň ýaryşynda Surajbek Sapaýew hem-de Saparly Muhyýew (ikisi-de – 96 kilograma çenli agram derejesi), gyzlaryň arasynda bolsa Anamjan Rustamowa (81 kilograma çenli) çykyş ederler.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2022 | 38 okalan

Gyzykly geçen sport çäresi

21 Iýun 2022 | 74 okalan

Sagdyn nesil bagtyýar geljek