29-njy iýulda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen belent mertebeli myhman bilen mähirli salamlaşyp, ýokary derejedäki bu möhüm duşuşygyň geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, Hazarýaka ýurtlaryň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi.
Dostlukly döwletiň Baştutany bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de
Arkadagymyzy 65 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, egsilmez güýç-kuwwat hem-de ata Watanymyzyň ösüşiniň, abadançylygynyň bähbidine döwlet hem-de jemgyýetçilik işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşler ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, bu gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, hususan-da, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň, YHG-nyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Gazagystan Respublikasy söwda-ykdysady ulgamda möhüm hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar, bu ýurt bilen gatnaşyklar energetika, ulag, oba hojalygy, ýeňil senagat we söwda ýaly strategik ugurlaryň birnäçesi boýunça işjeň ösdürilýär. Ynsanperwer ulgam — ylym, bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlary döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.
Soňky ýyllarda türkmen-gazak gatnaşyklary parlamentara hyzmatdaşlykda hem giňeldilýär, munuň özi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hyzmat edýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de türkmen tarapynyň bu ulgamda ýola goýlan gatnaşyklary parlamentarileriň arasynda yzygiderli duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmek, kanunçykaryjylyk ulgamynda pikir alyşmak arkaly işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Söhbetdeşler birek-birege berk jan saglyk we abadançylyk arzuw edip, iki doganlyk ýurduň geljekde hem ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen üstünlikli öňe gitjekdigine ynam bildirdiler.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” («Altyn Kyran») ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Dabara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin şu gün Gazagystanda meşhur döwlet işgäri hökmünde oňat tanalýan hem-de belent sarpa goýulýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Altyn Bürgüt” ordenini gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Şu ýyl biziň ýurtlarymyz diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýärler. Geçen ýyllaryň dowamynda mäkäm strategik hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz köptaraplaýyn görnüşde iri halkara guramalaryň hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmek bilen, Merkezi Aziýa sebitinde ähmiýetli orun eýeleýärler diýip, gazak Lideri nygtady.
Gazagystanyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza öz ýurdunyň ýokary sylagyny gowşurmak hakyndaky çözgüdi yglan edip, bu wakanyň iki dostlukly halkyň arasyndaky baky doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde türkmen-gazak gatnaşyklarynyň taryhyna hemişelik ýazyljakdygyny aýtdy.
Dürli ulgamlarda ensiklopedik bilimlere eýe bolan meşhur şahsyýet hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedowyň mundan beýläk-de diňe bir Watanymyzyň okgunly ösüşine däl-de, köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem uly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.
Gazagystanyň Prezidentiniň degişli Permany okalýar.
Soňra dabaraly ýagdaýda, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalarynda dostlukly döwletiň Baştutany Gahryman Arkadagymyza Gazagystan Respublikasynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin aýry-aýry raýatlara, şeýle hem häzirki zamanyň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgärlerine gowşurylýan ýokary tapawutlandyryş nyşanyny — “Altyn Bürgüt” ordenini gowşurýar.
Gahryman Arkadagymyz ýokary sylag üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagy türkmen halkyna hem-de Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary sarpa hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Biziň döwletimiz parahatçylyk, abadançylyk hem-de durnukly ösüş ugrunda üýtgewsiz çykyş edýär, geljekde hem bu ýörelgelere eýerip, ähli ýurtlar, esasan-da, özüniň ýakyn goňşulary, şol sanda Gazagystan Respublikasy bilen hoşniýetli gatnaşyklary berkider diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde hem barha ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dabaranyň ahyrynda özüne berlen ýokary sylag üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň doganlyk halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.