Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Täjigistan Respublikasy döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Täjigistan bilen hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga, sylag-hormata we birek-birege goldaw bermäge pugta esaslanýan dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini belläp, türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalar netijesinde dostlukly halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Täjigistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw etdi.
Täzelikler
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09 Sentýabr 2022
4617

Meňzeş habarlar
16 Sentýabr 2025
| 49 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
HALK MASLAHATY: ÖZGERTMELERIŇ BAŞ MAKSADY...
13 Sentýabr 2025
| 74 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
TÜRKMENISTANYŇ JEMGYÝETÇILIK GURAMALARYNYŇ MERKEZINDE...
13 Sentýabr 2025
| 204 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>