TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

AŞGABAT, 4-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.