MILLI PARLAMENT DIPLOMATIÝASYNYŇ TÄZE BAŞLANGYÇLARY

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşleriniň bilelikde gurnamaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi sapary mynasybetli «Gahryman Arkadagymyzyň milli parlament diplomatiýasy – ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmakda täze başlangyçlar» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Onda çykyş edenler Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, parlament diplomatiýasynyň gurallaryndan netijeli peýdalanmaga uly ähmiýet berýär. Parlament diplomatiýasy bolsa döwletara, sebit we ählumumy derejede örän wajypdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça dostlukly ýurduna amala aşyran sapary aýratyn many-mazmuna eýe bolandygyny bellediler.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz saparyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň jemlerini teswirläp, olaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýratyn belledi. Hususan-da, bu gezekki gepleşikleriň barşynda parlamentara diplomatiýa ýaşlar köpçüligini işjeň çekmegiň zerurdygy bellenildi.

Şeýle hem parlament işinde, geljekki nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde zenanlaryň möhüm orny barada aýdyldy.

Hormatly Arkadagymyz taryhy resminama — Hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini belläp, türkmen paýtagtynda ştab-kwartirasy ýerleşýän «Aşgabat görnüşiniň» Sekretariatyny döretmäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady diýip çykyş edenler aýratyn nygtap geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar Watanymyzyň abraýyny ýer ýüzünde belende galdyrýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, aýdyň maksatly beýik tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.