ÝAŞLAR SIZE ALKYŞ AÝDÝAR, ARKADAGLY SERDARYMYZ

16-njy noýabrda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, bagtyýar talyplar hem-de Ýaşlar guramasynyň dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy işjeň agzalary gatnaşdylar.

Gowşurylyş dabaranyň başynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän, bilim alýan we Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary tarapyndan Hormatly Prezidentimize, mähriban halkymyza, döredilýän ajaýyp şertlere buýsanç hökmünde taýýarlanylan joşgunly alkyşly goşgy setirlerinden ybarat bolan alkyşnamanyň görkezilmegi, dabara gatnaşýan ýaşlaryň kalbynda Garaşsyz Watana, eziz topraga, bagtyýar ýaşlyga bolan buýsançlaryny has-da goşalandyrdy.

Ýurdumyzda her ýylyň 16-njy noýabrynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Ýaşlar guramasy tarapyndan guralýan çäreler uly ruhubelentlige beslenýär, bu bagtyýar ýaşlyk üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylýan hoşallyk we buýsanç sözleri bilen utgaşýar.

Häzirki döwürde türkmen ýaşlary Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli tagallasy we başlangyjy bilen, ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Şeýle hem olar hormatly Prezidentimiziň sargytlaryna eýerip, okamak, öwrenmek, döretmek bilen, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

Şu nukdaýnazardan, her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan hoşniýetli içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlaryň jemi 75 sanysyny Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly atlara mynasyp boldular.

Bu baýraga mynasyp bolan ýaşlara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan degişli şahadatnamalar şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda we ylym-bilim dünýäsinde ýokary netijelere eýe bolýan türkmen ýaşlarynyň döwlet derejesinde höweslendirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 Çäräniň dowamynda bagtyýar ýaşlaryň beýik geljegi hakynda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan alkyşlar buýsançly ýaňlandy.

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri:

  1. Hudaýberdiýew Ýaran Hudaýberdiýewiç S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
  2. Akmammedowa Merjen Nurýagdyýewna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
  3. Myratmuhammedow Begmyrat Atamyradowiç S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
  4. Tekäýew Şatlyk Döwletgeldiýewiç Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
  5. Sylapow Sylap Şatlykowiç Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Pediatriýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
  6. Guldurdyýewa Gülzada Hojageldiýewna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazyň taryhy kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
  7. Amannazarow Döwletmyrat Allalyýewiç Türkmen döwlet maliýe institutynyň Buhgalterçilik hasaba alnyşy kafedrasynyň mugallymy.
  8. Söýünowa Aýjemal Abdygylyjowna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
  9. Ahmedow Söýenç Aýnazarowiç Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
  10. Hojadurdyýew Hojadurdy Hojaberdiýewiç Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
  11. Öwezdurdyýewa Gülnar Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Himiki we nanotehnologiýalar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
  12. Reýimow Daýanç Garlybaýewiç S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Epizootologiýa we parazitologiýa kafedrasynyň mugallymy.
  13. Myradow Ýusup Hanmyradowiç Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
  14. Wekilowa Çemen Güýçmyradowna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
  15. Nuryýewa Hansoltan Annahanowna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
  16. Atajykowa Aýlar Allaşowna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
  17. Halykowa Sona Kasymowna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
  18. Öwezow Aşirgeldi Orazmamet ogly Türkmen döwlet Maliýe institutynyň Bank işi fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
  19. Baýramow Begli Serdargeldiýewiç Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Bedenterbiýe fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
  20. Kadyrowa Uzukjemal Çaryýewna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
  21. Gylyjowa Şirin Jumageldiýewna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy.
  22. Babaýewa Ýazgül Serdarowna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Filosofiýa we sosiologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
  23. Ahunowa Gülşat Ýagşygeldiýewna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
  24. Mämmedow Ýolaman Mämmetnazar ogly Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
  25. Hakberdiýew Kerimberdi Nurberdiýewiç Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
  26. Allaberdiýew Çary Orazmyradowiç Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Fizika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
  27. Arslanow Bekgi Arslanowiç Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
  28. Berdimyradowa Umyda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
  29. Ataýew Mekan Parahatowiç Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Maliýe kafedrasynyň mugallymy.
  30. Jumaniýazow Mülkaman Işangulyýewiç Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Menejment fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
  31. Allanazarow Allanazar Orazmyradowiç Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
  32. Gurbanmämmedow Ýusup Amanmämmedowiç Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
  33. Joýtyýew Sanjar Maksatmyradowiç Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 5-nji ýyl harby talyby.
  34. Gurdow Muhammet Agaýusupowiç Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Okuw usulyýet bölüminiň okuw prosesini meýilleşdiriş bölümçesiniň uly mugallymy.
  35. Halmyradow Kerwenmyrat Goçmyradowiç Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Içerki goşunlar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
  36. Ýazberdiýew Süleýman Meretmuhammedowiç Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Administratiw hukugy kafedrasynyň mugallymy.
  37. Kurbanow Şatlyk Joramyradowiç Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby.
  38. Taganow Soltanmyrat Halmyradowiç Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby gullukçysy.
  39. Çaryýarow Kakajan Hojagurbanowiç Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy.
  40. Sazakow Didar Gurbanmuhammedowiç Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçy.
  41. Salyhow Şageldi Begmyradowiç Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň gullukçysy
  42. Annabaýew Baýmyrat Serdarberdiýewiç Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 1002-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçy.
  43. Gylyjow Şöhrat Sahygulyýewiç Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy.
  44. Nursähedowa Aýbölek Meredgeldiýewna Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň Baş derňew bölüminiň Birinji bölüminiň uly prokurory.
  45. Şamuradowa Mähri Agamyradowna Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň prokurorynyň kömekçisi III derejeli ýurist.
  46. Orazhummiýew Toýly Nurmämmedowiç Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby.
  47. Abbasowa Maede Rüstemaliýewna Aşgabat şäherindäki Bagtyýarlyk etrabynyň 32-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy.
  48. Ýagşyýew Medet Merdanowiç Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy.
  49. Rejepowa Aýjeren Ýazlyýewna Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr:Türkmenistan» teleýaýlymynyň Şowhun toparynyň III derejeli gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.
  50. Pälwanow Owazgeldi «Türkmengaz» döwlet konseriniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň 1-nji derejeli artisti.
  51. Kuljikowa Täzegül Haldurdyýewna«Bereketli toprak» gazetiniň bölüm redaktory.
  52. Rahymowa Aýgül Batyrowna«Türkmenistan» gazetiniň öz habarçysy.
  53. Maşadow Maşad Ymamgulyýewiç Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň Biologiýa mugallymy.
  54. Jumakulyýewa Ogulnar Bäşimowna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň lukmany.
  55. Çaryberdiýewa Kümüş Saparmyradowna Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
  56. Ilmämmedowa Ýazjemal Saparmämmedowna Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň pars dili mugallymy.
  57. Mededowa Aýtäç Ahmetberdiýewna Balkan welaýatynyň Etrek etrap çagalar sungat mekdebiniň Sazyň taryhy we nazaryýeti mugallymy.
  58. Annagulyýewa Näzgül Baýramberdiýewna Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Balkan welaýat teleradio studiýasynyň III derejeli gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.
  59. Geldiýewa Mahym Sapargeldiýewna Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň 4-nji ýyl talyby.
  60. Ussaýew Baýmuhammet Gowşutmuhammedowiç «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Balkan welaýat Balkanabat şäher bölüminiň Ulgamy meýilleşdirmek we ösdürmek bölümçesiniň başlygy.
  61. Murzaýewa Bossan Arazmuratowna Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
  62. Begenjowa Aýbölek Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
  63. Sapardurdyýewa Laçyn Daşoguz welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň döwlet gözegçiligi bölüminiň döwlet inspektory.
  64. Myradowa Ogulgerek Amandurdyýewna Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
  65. Begmyradowa Oguljennet Begmyradowna Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
  66. Saparmedowa Mähri Jumageldiýewna Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.
  67. Hudaýberdiýew Maksat Sapargeldiýewiç Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
  68. Haýdarowa Ruhiýa Hemrakulyýewna Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
  69. Koldaşowa Parahat Azizjanowna Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
  70. Ruslanowa Selbi Ruslanowna Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy.
  71. Şamuhammedowa Akjagül Täçmyrat gyzy Lebap welaýat kitaphanasynyň I-derejeli usulçysy.
  72. Döwletow Gurt Orazowiç Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Komýuter-tehnologiýasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
  73. Gullyýew Döwran Aganazarowiç Mary welaýatynyň Serhetabat etrap häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň pasportçysy.
  74. Nazarlyýewa Aýgül Hemraýewna Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda hususy telekeçi.
  75. Serdarowa Selbi Serdarowna Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjysy.