Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli yglan edýän «Hoş habar» hem-de «Hoş surat» atly döredijilik bäsleşikleriniň
DÜZGÜNNAMASY
Bäsleşigiň maksady:
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüş-özgerişleri, hormatly Prezidentimiziň parahat durmuş, ýaş nesilleriň nurana geljegi üçin durmuşa geçirýän beýik işleri uly üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça ösüşlere eýe bolnup, beýik sepgitlere ýetilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýip beren tabşyrygy esasynda 2022-nji — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny höweslendirmek hem-de halk köpçüligine ýakyndan ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilelikde «Hoş habar» hem-de «Hoş surat» atly döredijilik bäsleşiklerini yglan edýär.
Bäsleşigiň düzgünleri:
«Hoş habar» atly bäsleşigiň şertine laýyklykda bäsleşige ugradylýan habarlarda söwda nokatlaryndaky satyjylaryň ýa-da alyjylaryň pikirleri (öz suratlary bilen), täze söwda dükanlary, hyzmatlary, täze önümçilikler barada bolmaly. Önümçilik baradaky habarlary önüm öndürijileriň özlerinden alynmagy zerurdyr. Habarlarda beýan edilýän maglumatlar we sanlar anyk bolup, suratlar hökmany ýagdaýda taýýarlanylan habara degişli bolmaly. Maglumat önüm öndürijiniň özi bilen habarlaşylyp taýýarlanylmaly. Söwda ulgamynda zähmet çekýän ildeşlerimiz, telekeçilerimiz öz alyp barýan işleri hakynda, söwda pudagynda gazanylan üstünlikler barada habarlaryny hödürläp bilerler.
«Hoş surat» atly bäsleşigiň şertine laýyklykda bäsleşige ugradylýan fotosuratlarda durmuş pursatlaryndan duýdansyz alnan şekiller, fotoportretler, tebigat görnüşleri, peýzaž; oba durmuşy: maldarçylyk, ekin meýdanlary; şäher durmuşy: söwda merkezleriň, dükanlaryň, bazarlaryň daşky ýa-da içki görnüşleri, müşderiler, harytlar, seýilgähler, şeýle-de söwda we hyzmat ediş ulgamyna degişli şekiller (meselem: söwda pursatlary, dellekhana ýa gözellik salonyndaky hyzmatlardan), sport, gezelenç, güýmenje, okuw, iş pursatlaryndan alnan suratlar bolup biler.
Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň 35 ýaşa çenli ýaşlary, şol sanda mekdep okuwçylary-da gatnaşyp bilerler.
Bäsleşigiň geçiş tertibi:
Habarlaryň möhümleri hem-de fotosuratlaryň iň gowulary «Biznes reklama» gazetiniň www.br.com.tm web saýtynda okyjylara ýetiriler.
Eminler topary bäsleşigi guraýjylar tarapyndan kesgitlener. Bäsleşigiň ýeňijileri eminler topary tarapyndan saýlanyp, 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda jemleniler.
Habarlar we fotosuratlar bäsleşigiň Düzgünnamasy çap edilen gününden kabul edilip başlanar. Döredijilik bäsleşigine hödürlenilen işler dekabr aýynyň 20-sine çenli kabul ediler.
Awtorlar döredijilik bäsleşigine ugradýan işlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar.
Ýeňiji bolan ýaşlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan taýýarlanylan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglanylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
«Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy: 23-77-95
Elektron poçtalary: