Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly-bagtyýar Ýaşlar” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda her bir günümiz toýdyr-baýramlara beslenýär. Bu günki günde hem ýurdymyzyň ähli künjeginde Milli bahar baýramçylygy giňden bellenilip geçilýär. Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda hem Tejen etrap häkimligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşi bilen bilelikde guramagynda Tejen etrabynyň zähmet daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy bolan 80 ýaşy arka atan mährem enemiz Ýusupowa Ejegül enemiziň döwletli, agzybir maşgalasynda halkara Zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli baýramçylyk duşuşygy gurnaldy. 13 çaganyň enesi bolan Ejegül enemiz öz durmuşy hakda gyzykly gürrüňler berip, türkmen zenanyna mahsus häsiýetler biziň ene-mamalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýandygy, türkmen zenanlaryny bütin dünýä nusgalyk ajaýyp gylyk-häsiýetleri bezeýändigi, salyhatlylyk, edeplilik, halallyk, dogruçyllyk, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas türkmen zenanlaryna mahsus häsiýetleri barada aýdanlary has-da täsirli bolly. Mundan başga-da mährem enemiz öz gelin-gyzlaryna milli el işlerini öwredip, görelde mekdebi bolup, ösüp gelýän ýaş nesillerimize diýseň täsirli maslahatlary berdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda bolsa Ejegül enemiz ähli türkmen zenanlarymyzy ýetip gelen Halkara zenanlar güni bilen gyzgyn gutlady, häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýan hormaty, döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin ene ýüreginden köp sag bolsyn aýtdy.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.