Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň ilatynyň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Ýakynda etrabyň Gämi oba Medeniýet öýünde geçirilen, «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde guralan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem şeýle täsirli çäreleriň biri boldy. Oňa gatnaşan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, şanly seneler barada söz açdylar, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ähmiýetine ünsi çekdiler. Çykyş edenler halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmekde, şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm ornunyň bardygyny uly buýsanç bilen bellediler hem-de nobatdaky umumymilli forumyň işine üstünlik arzuw etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň döwletli ýörelgeleriniň dabaralanmagy, il-günümiziň has-da eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ogulbäbek MYRATNAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.