Babadaýhan etrabynyň orta mekdeplerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň, Bilim bölüminiň iş meýilnamalarynyň çäklerinde wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän taýsyz tagallalaryny halk köpçüligine giňden wagyz-nesihat etmek, nesil saglygyny gorap saklamak, jemgyýetde beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, durmuşda duş gelýän ýaramaz nogsanlyklaryň döremeginiň öňüni almak, şeýle hem sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegini üpjün etmek, berk maşgala binýadyny döretmek maksady bilen giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy barada çykyşlarda aýratyn bellenildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň abadançylygyny berkitmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin alyp barýan asylly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Leýli BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.












