IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ – 2023 GEÇIRILDI

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde ýurdumyzyň 2-4-nji synp okuwçy gyzjagazlaryň arasynda yglan edilen “Iň eýjejik gyzjagaz – 2023” atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Ýaş nesliň ajaýyp sungat baýramçylygyna öwrülen bu bäsleşige etrap tapgyrlarda ýeňiji bolan gyzjagazlar gatnaşdy.

Bäsleşigiň guramaçylykly we gyzykly geçmeginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de welaýat Medeniýet müdirligi uly tagalla etdiler. Döredilen giň mümkinçilikler okuwçy gyzjagazlara sungat babatdaky ukyp-başarnygyny doly derejede açyp görkezmäne şert döretdi.

Şadyýan okuwçy gyzjagazlar Berkarar Watanymyzda alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym, sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler, türkmen milli egin-eşiklerini geýip, olary şahyrana sözler bilen wasp etdiler, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. Bäsleşigiň şertleri esasynda ýerine ýetirilen çykyşlar göwün göteriji duýgulary döretdi.

Bäsleşigiň welaýat tapgyrynda Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň 11-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Melek Nurmyradowa birinji, Tejen etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Ogulnäzik Döwletowa ikinji orunlary eýeläp, döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary hem-de ýörite sowgatlar, oňa gatnaşan beýleki gyzjagazlara bolsa, höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

 

Şirnazar RÜSTEMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň baş buhgalteri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA