WAGYZ NESIHAT GEÇIRILDI

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ähli pudaklarda-ykdysadyýetde, bilimde, ylymda, saglygy goraýyşda, senagatda, oba hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda, medeniýetde, mahlasy, her bir ugurda belent sepgitli ýoluny dünýä äşgär edýär. Bu üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Serdarymyzyň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerine eýerýän döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň şöhlelenmesidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde mekdep okuwçylarynyň döwrebap bilim almaklary, berk bedenli, sagdyn, geljekki durmuşa taýýar, düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmekleri baradaky hormatly Prezidentimiziň talaplaryny durmuşa geçirmek, “Ýangyn howpsyzlygy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, mekdep okuwçylaryny ýangyn-tehniki serişdeleriniň ulanyş ýagdaýlaryny öwretmek, ýangyn-tehniki bilimlerini, hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsyzlygy bölüminiň 210-njy Ýangyn howpsyzlyk bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Babadaýhan etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň birlikde gurnamagynda Babadaýhan etrabynyň 23-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat ediji bäsleşik geçirildi. Babadaýhan etrabynyň ýokary synp mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçen bu bäsleşik diýseň çekeleşikli geçdi. Bäsleşikde ýaşlar ýangyn-tehniki bilimlerini, hünär ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Wagyz-nesihat ediji bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrunda ähli tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Baýramdurdy AMANMYRADOW,

TMÝG-niň Babadaýhan etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA