Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 18-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gülläp ösýän künjege öwürmek boýunça giň möçberli ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda geçirilýän ählihalk bag ekmek çäresiniň ekologik abadançylygy üpjün etmek nukdaýnazaryndan bolşy ýaly, halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem ähmiýetlidigini belleýär. Zähmet ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm orny eýeleýär. Köpçülik bolup agzybirlikde bag nahallarynyň ekilmegi Diýarymyzyň ähli künjeginiň gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwrülmegini şertlendirýär.
Asylly däbe görä, Milli bahar baýramynyň- Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna Babadaýhan etrabymyzyň hem ýaşaýjylary agzybirlikde gatnaşdylar. Bilelikde çekilýän zähmet türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşýar.
Ekologik abadançylygy we daşky gurşawyň goralmagyny üpjün edýän bu giň möçberli çäre türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda netijeli dowam etdirilýär we ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Şeýlelikde, ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi netijesinde, Watanymyz gür baglygyň, ýaşyl meýdanlaryň, gür öwüsýän sähralaryň, seýilgähleriň we ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki sazlaşykly ösüşiniň, täzelenişiniň aýdyň beýanyny emele getirýän tokaý zolaklarynyň mekanyna öwrülýär.
Täjinar SAPAROWA,
TMÝG-niň Babadaýhan
etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.