26-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy.
Ýurdumyzyň ähli künjeginde döredilen saýlaw uçastoklaryna adamlaryň ir bilen özleriniň konstitusion hukugyndan peýdalanmak — milli parlamentiň, ýerli häkimiýet edaralarynyň düzümlerine hödürlenen mynasyp dalaşgärlere ses bermek çäresine agzybirlikde gatnaşmaklary güneşli Diýarymyzda demokratik ýörelgeleriň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döwletimiziň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilen toplumlaýyn çäreler saýlawlary milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, demokratik esasda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge mümkinçilik berdi.
Bu şanly gün mynasybetli medeni maksatnama taýýarlanyldy: saýlaw uçastoklarynyň ýanynda döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, syýasy partiýalara, jemgyýetçilik guramalaryna, dalaşgärlere, olaryň ynanylan wekillerine, raýatlaryň teklipçi toparlaryna wagyz-nesihat işlerini erkin alyp barmaga mümkinçilik döredildi. Dalaşgärlere köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň şertler kepillendirildi.
Ir bilen hormatly Arkadagymyz Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň çäginde ýerleşýän Annanyýaz Artyk adyndaky ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdepdäki 48-nji saýlaw uçastogyna geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite taýýarlanan ýerde guta býulleten atmak bilen, mynasyp gören dalaşgärlerine ses berdi.
Ýeri gelende, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň geçirilýän ýerinde saýlawlaryň barşyna syn edýän milli we halkara synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň bardygyny bellemeli. Munuň özi Türkmenistanda saýlawlaryň açyklyk, aýanlyk we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda geçirilýändigini görkezýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýändigini we onuň ýurtlaryň arasynda dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmekde esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Şeýle hem iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun berilýär.
Saýlaw uçastogynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hormatly Arkadagymyza özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň bu gezekki saýlawlarynyň jemlerinden nähili netijelere garaşylýandygy hakyndaky sowala Gahryman Arkadagymyz taryhyň dowamynda jemgyýet bolup ýolbaşçyny saýlamagyň däp-dessura girip gidendigi baradaky sözler bilen jogap berdi. Bu ýörelgeler halkymyzyň paýhasly garaýyşlarynyň rowaç alýandygyny görkezýär. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri halkymyzyň şöhratly taryhynyň dikeldilýändigine ünsi çekdi. Ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekde R.Pampelli, M.Masson, W.Sarianidi ýaly dünýä belli alymlar, taryhçylar, arheologlar iş alyp bardylar. Taryhçy alymlaryň ýadawsyz zähmeti arkaly türkmen halkynyň şöhratly taryhy dikeldilýär.
Aşgabadyň eteginde gadymy Parfiýa patyşalygynyň Nusaý galalary ýerleşýär. Parfiýa kuwwatly döwlet bolup, Hytaýdan Hazar deňzine çenli bolan aralykda adalaty dabaralandyrypdyr. Häzirki döwürde alymlar, arheologlar Parfiýa patyşalygynyň Nusaý galalarynda gazuw-agtaryş işlerini, ylmy seljermeleri geçirip, bu döwletiň öz döwründe bitarap ýurt bolandygyny ykrar edýän maglumatlary tapdylar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Şu günki geçirilýän syýasy-jemgyýetçilik çäräniň açyklyk, aýanlyk, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri taryhyň islendik döwrüniň halkara demokratik hukuklara, dünýewi talaplaryň berjaý edilýän ýörelgelerine baýdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu gezekki saýlawlaryň geçirilmegine şol gadymy asylly ýörelgeler nukdaýnazaryndan seredilýär.
Şu gezekki saýlawlaryň ozalkylardan tapawudy bilen baglanyşykly sowala beren jogabynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri nobatdaky saýlawlara gatnaşýan dalaşgärleriň aglaba köpüsiniň ýaşlardan ybaratdygyna ünsi çekdi. Munuň özi türkmen halkynyň “Ýagşy niýet — ýarym döwlet” diýen paýhasly jümlesinden ugur alýan ýörelgeleriň dabaralanýandygyny görkezýär.
Häzirki döwrüň ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn bilimli we sanly ulgamdan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlardygy bizi begendirýär. Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda öňde goýlan maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine oňyn mümkinçilikleri üpjün eder. Şeýle hem şu gezekki saýlawlara gatnaşýan dalaşgärleriň arasynda köp sanly gelin-gyzlaryň bolmagynyň ýurdumyzda zenan mertebesine möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap terbiýe bermekde, olary Watanymyz, halkymyz üçin gerekli ýaşlar edip ýetişdirmekde mährem enelere möhüm ornuň degişlidigini aýratyn belledi.
Şeýle hem hormatly Arkadagymyz Mejlisiň deputatlarynyň, ýerli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň hem-de Halk Maslahatynyň wekilleriniň ýaşlardan ybarat bolmagynyň kabul edilýän kada-kanunlaryň täze döwrüň ruhuna we talabyna laýyk derejede işlenip taýýarlanylmagynda ähmiýetli boljakdygyny belledi. Häzirki döwür — ýaşlaryň döwri. Täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň durmuşymyzyň ähli ugurlaryna işjeň aralaşýandygyny nazara alyp, köptaraply bilimi bolan ýaşlara öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin zerur mümkinçilikler döredilýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly halkara guramalaryň wekillerine, halkara synçylara we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, olaryň bu gezekki saýlawlara gyzyklanma bildirip, öz pikirlerini, garaýyşlaryny beýan etmekleriniň halkymyz üçin uly hormatdygyny aýtdy we olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri, dünýäniň ähli ýurtlarynda asudalygyň, abadançylygyň, parahat durmuşyň dabaralanmagyny arzuw etdi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň baýramçylyk ruhunda geçirilýändigini belläp, jemgyýetçilik durmuşynda demokratik ýörelgeleriň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, saýlawlaryň halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän däplerini mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky täze ädimdigini nygtady.
Soňra hormatly Arkadagymyz özüniň hoş owazly aýdym-sazlary bilen bu ýerde guralýan syýasy çäräniň dabarasyny belende göterýän, Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa bilen söhbetdeş bolup, oňa halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy ugrunda alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.
Ýurdumyzda giňden tanalýan sungat ussady milli medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegi, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýändigi üçin hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza ähli medeniýet, sungat işgärleriniň adyndan hoşallyk bildirdi hem-de döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, milli sungatyň ösüşiň täze derejesine çykmagy üçin ukyp-başarnygyny, zehinini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de üstünlikli geçmegini arzuw etdi we bu ýerden ugrady.