Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidowy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletde doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Şawkat Mirziýoýewe mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ýurdumyzyň Özbegistan bilen köpasyrlyk taryhy bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijiniň Aşgabada şu saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri, sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys ugurlary boýunça pikir alyşmaga oňat mümkinçilik berer. Şeýle-de munuň özi ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýeti nygtaldy. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Ýurtlarymyzyň diňe bir çäk taýdan däl, eýsem, taryhyň dowamynda kemala gelen medeni we ruhy umumylygy bilen hem ýakyndygy bellenildi. Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki dialoga mahsus bolan doly özara düşünişmek we açyklyk möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa, öz nobatynda, hemmetaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlyk, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýady döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we olaryň häzirki wagtda işjeň ösdürilmegine ägirt uly goşandy nygtaldy.
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň halkara giňişlikde netijeli gatnaşyk edýändigi bellenildi. Sebit we ählumumy meseleler, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlary ýakyndyr ýa-da meňzeşdir. Türkmenistan bilen Özbegistan Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki käbir halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, birek-biregiň başlangyçlaryny, tekliplerini özara goldaýarlar.
Köpugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady ulgama möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşi, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda, beýleki ugurlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygy bellenildi. Medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Munuň özi iki doganlyk halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagy üçin özboluşly köpri bolup durýar. Parlamentara hyzmatdaşlyk hem türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidow strategik döwletara hyzmatdaşlygyň dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanyp, umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.