TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

15-nji aprelda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.