MÄLIKGULY AGANYŇ WE OGULABAT EJÄNIŇ HATYRASYNA AGZAÇAR SADAKASY BERILDI

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kyblasy we mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow atasy Mälikguly agany, eziz enesi Ogulabat ejäni hatyralap, agzaçar sadakasyny berdiler.

Yzgant obasynyň Abyl Işan gonamçylygynyň ýanyndaky ýörite taýýarlanan ýerde agzaçar sadakasynyň berilmegi halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän we dünýä nusgalyk kämil ýörelgeleriniň mynasyp derejede dowam etdirilýändiginiň beýanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, öňi bilen, sadaka gatnaşýanlara sylag-hormat edip gelendikleri üçin taňryýalkasyn aýtdy. Bu gün Yzgant obasyndaky Abyl Işan öwlüýäsine gelip, zyýarat etdik. Kyblam Mälikguly aganyň, mähriban käbäm Ogulabat ejäniň aram tapan ýerlerine baryp, olaryň ruhuna aýat okadyk. Ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet bolmagyny dileg etdik. Edilen dilegler, okalan aýatlar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýip, hajy Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyna gatnaşýanlaryň hemmesine ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Nahardan soňra, aýat-töwir okalyp, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň beren agzaçar sadakasynyň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.

Sylap gelendikleri üçin hemmelere ýene bir gezek taňryýalkasyn aýdyp, hajy Arkadagymyz öten-geçenlerimiz baradaky ýagşy ýatlamalaryň ýüreklerimizde ebedi ýaşajakdygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow agzaçar sadakasyna gatnaşanlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.