TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL ÇEMPIONATYNYŇ ALTYNJY TAPGYRY BAŞLANDY

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň altynjy tapgyrynyň duşuşyklarynyň üçüsi guraldy.

«Altyn Asyr» bilen «Şagadamyň» oýny paýtagtymyzda geçdi. 20-nji minutda Azat Annaýewiň geçiren goly, 57-nji minutda bolsa Myrat Annaýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan netijeli peýdalanmagy, şeýle hem Wahyt Orazsähedowyň (59, 82) dubly «Altyn Asyryň» 4:0 hasabynda üstün çykmagyny üpjün etdi. Şunlukda, 11 utuk toplan «Altyn Asyr» ýaryş tertibiniň ikinji basgançagynda ýerleşdi.

Mary şäheriniň «Sport toplumy» stadionynda geçen «Merw» bilen «Köpetdagyň» oýny deňlikde jemlendi — 2:2. Mukam Nazzyýewiň (8) hem-de Ambýar Mahmudowyň (10) geçiren gollary «Merwi» öňe çykardy. «Köpetdagdan» bolsa Öwezbaý Muhammetmyradow (52) we Ýazgylyç Gurbanow (88) tapawutlandy.

«Ahal» paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparyndan asgyn geldi — 0:2. Şatlyk Gurbanowyň 4 minudyň dowamynda (60, 63) eden dubly oýnuň ykbalyny çözdi.

Tapgyryň jemleýji duşuşygy şu gün guralar. Bu oýun «Arkadag» hem-de «Nebitçi» toparlarynyň arasynda geçer.