TÜRKMEN TALYPLARY BOLGARIÝADA GEÇIRILEN OLIMPIADADA 8 MEDAL GAZANDYLAR

     Bolgariýa döwletiniň Blagoýewrad şäherinde talyplaryň arasynda 30-njy halkara matematika olimpiadasy geçirildi. 31-nji iýul — 6-njy awgust aralygynda geçirilen olimpiada ABŞ, Beýik Britaniýa, Hytaý, Russiýa, Germaniýa, Fransiýa, Şweýsariýa, Alžir, Braziliýa, Kanada, Eýran, Singapur ýaly ýurtlaryň 50-den hem köpüsiniň 100-den gowrak ýokary okuw mekdeplerinden jemi 400-e golaý talyp gatnaşdy.

     «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, türkmen toparyna ýolbaşçylyk eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy A.Ýollyýew hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy M.Çäşemow bu halkara bäsleşigiň emin agzasy hem boldular.

     Iki tapgyrda geçirilen bu halkara bäsleşikde oňa gatnaşyjylara jemi 10 mesele hödürlendi. Olary çözmek üçin bolsa her tapgyrda jemi 4,5 sagat wagt berildi. Türkmen talyplary berlen ýumuşlary çözmegi başaryp, jemi 8 — 4 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular. Has takygy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Resul Şamuhammedow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Myratgeldi Annamuhammedow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyplary Gurt Döwletow hem-de Akmuhammet Gurbangeldiýew kümüş medala, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyplary Akmuhammet Akmyradow, Hydyrberdi Rejepow, Röwşen Öwezmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby Muhammet Annaýew dagy bürünç medala eýe boldy.

Meňzeş habarlar