MEKDEP OKUWÇYLARYNA HÜNÄRLERI ÖWRETMEGIŇ WEZIPELERINE BAGYŞLANAN USULY-AMALY OKUWLAR

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» möhüm maksatlarynyň biri-de ýaşlaryň tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarmagy üçin olara döwrebap hünärleri ele almaga, kompýuter we maglumat ulgamyny, sanly innowasion tehnologiýalary özleşdirmäge ýardam bermekden ybarat bolup durýar. Ýaşlaryň kämil ukyplara eýe bolmagyna ýardam bermek, şol sanda hünär bilimi bolan ýaşlaryň sanyny köpeltmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlendi. Şu möhüm wezipäni üstünlikli çözmek babatynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

     «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara mekdepde okaýan döwründe dürli hünärleri öwretmek, olary durmuşa taýýarlamak, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmek boýunça hem ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Täze, 2023—2024-nji okuw ýylyndan orta mekdepleriň XI—XII synplarynda okaýan okuwçylara hünär ugurly dersleriň okadylyp başlanjakdygy munuň aýdyň mysalydyr.

     Durmuşa geçirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, ýerli häkimlikler bilen ylalaşyp, umumy bilim edaralarynda XI—XII synplaryň okuwçylaryna öwrediljek hünärleriň sanawy taýýarlandy. Ol sanawyň 60-a golaý dürli hünärleri özünde jemleýändigini bellemek gerek. Olaryň ählisi-de ýurdumyzyň halk hojalygy, ýaşlaryň hünärleri ele almaklary, olaryň başarnyklaryny ösdürmek üçin zerur hünärlerdir.

     Ýaşlary mekdepde okaýan döwründe hünäre ugrukdyrmagyň esasy maksady olara dürli hünärler barada zerur düşünjeleri bermekdir. Bilim ulgamynda zähmet çekýän her bir ynsanyň esasy wezipesi ýaş nesli jemgyýete peýdaly zähmete taýýarlamakdan, onuň borçlaryna dogry düşünmegini we olary berjaý etmegi öwretmekden, edepliligi, köpçülikde özüňi alyp barmagyň medeniýetini, zähmete aňly-düşünjeli çemeleşmegi we ony söýmegi, ynsanyň halal we döredijilikli zähmetine elmydama sarpa goýmagy terbiýelemekden ybaratdyr.

     Umumy bilim edarasynda doly orta bilim derejesiniň hünär taýýarlygynyň bilim maksatnamasynyň özleşdirilmegi okuwçylaryň hökmany jemleýji döwlet synagyny tabşyrmaklary we degişli resminamanyň berilmegi bilen tamamlanýar.

     Ýakynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleriniň, etrap (şäher) bilim bölümleriniň orta mekdeplerde hünär öwrediji derslere jogapkär hünärmenleri üçin «Umumybilim we ýörite bilim edaralarynda hünär ugurly okuwlaryň guralyşyna hem-de jemleýji döwlet synaglarynyň geçirilişine gözegçiligiň we usuly işleriň ýola goýluşy» atly usuly-amaly okuwlar geçirildi.

     Usuly-amaly okuwlarda hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamynda amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň çäginde umumy bilim we ýörite bilim edaralarynda 2023—2024-nji okuw ýylyndan okadylyp başlanjak hünär ugurly okuwlaryň guralyşyna we geçirilişine gözegçiligiň hem-de usuly işleriň ýola goýluşy boýunça bilim işgärleriniň öňünde durýan wezipeler, olary çözmegiň ýollary barada giňişleýin söhbet edildi.

     Hünär ugurly okuwlarda okuwçylaryň hünär başarnyklaryny we endiklerini nazary amaly okuwlaryň üsti arkaly kemala getirmegiň ýollary, onuň usulyýet aýratynlyklary baradaky söhbetlere hem möhüm orun berildi.

     Usuly-amaly okuwlaryň diňleýjilerine Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýakynda tassyklanan «Umumy bilim edaralarynda zähmet gurnaklarynyň işini talabalaýyk guramak boýunça Gözükdirijä» laýyklykda, umumy bilim edaralarynda zähmet gurnaklarynda resminamalaryň talaba laýyk ýöredilişi hakynda maslahatlar berildi. Okuwçylarda hünär başarnyklaryny kemala getirmegiň we ösdürmegiň usullary, zähmet gurnaklarynyň işini hünär ugurly okuwlar bilen sazlaşykly alyp barmagyň ýollary barada aýratyn bellenildi. Usuly-amaly okuwa gatnaşyjylara hünär ugurly okuwlar üçin ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyny düzmegiň we sapak ýazgysyny ýazmagyň usullary, umumybilim berýän orta mekdepleriň ХI — ХII synplary üçin «Biçimçi-tikinçi» hem-de «Arybalçy» hünärlerini öwrediji okuw derslerini okatmagyň usulyýet aýratynlyklary barada tejribeli hünärmenler we usulyýetçi alymlar usuly maslahatlaryny berdiler.

     Usuly-amaly okuwlara gatnaşan bilim işgärleri ýaşlara döwrebap bilim bermek we olary hünärlere taýýarlamak barada edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.

 

Sapargeldi DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim

işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň

müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent.

Meňzeş habarlar