Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan aýratyn tapawutlanan zehinli çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Baýraga çagalaryň 70-si, çagalar döredijilik toparynyň bolsa 1-i mynasyp bolmagy başardy.
Ýurdumyzyň zehinli çagalaryna we çagalar döredijilik toparlaryna Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy täze 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dabaralary bilen utgaşyp ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi.
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan geçirilen bu dabarada ruhubelent körpeler eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehini çuňňur pähim-paýhasy bilen gazanylan üstünlikleri taryplaýan aýdym-sazlary aýratyn yhlas bilen ýerine ýetirdiler.
Çagalaryň bagtyýar durmuşy we sazlaşykly ösüşi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir. Olaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklarynyň doly açylmagy üçin şertleriň döredilmegi Watanymyzyň, halkymyzyň röwşen geljegi ugrundaky uly jogapkärçilige esaslanýan tagallalaryň baş maksadydyr. Ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm strategik maksatlarynyň biri bolup durýar.
Şonuň üçin ýaş nesilleriň döwrebap ruhda terbiýelenmegi, okamagy we öwrenmegi üçin döwletimizde amala aşyrylýan beýik işler ýaş nesilleriň her biriniň ýüreginde söýgi, mähir döredýär. Ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz bagtly, bagtyýar çagalaryň mekanydyr.
Ýaş nesliň kämil terbiýe we çuňňur bilim almagy, tebigy zehinleriniň açylmagy üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Ata Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary çeper döredijilige ruhlandyrmak maksady bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan birnäçe döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.
Munuň özi ýurdumyzyň nurana geljegini gurujylar bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilimli-terbiýeli, hünär eýeleri hem-de zähmetsöýer bolup ýetişmeklerinde aýratyn ähmiýetlidir. Täze ýylyň ilkinji günlerinde geçirilen bu günki döredijilik bäsleşigi hem täze ýaş zehinli ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Ýurduň geljegi bagtyýar nesillere baglydyr. Ýokary netijeli bilim alýan ýaş nesilleriň okuwdan boş wagtlary döredijilik, sungat bilen meşgullanmaklary üçin ýurdumyzda birnäçe sungat hem-de döredijilik öýleri hereket edýär. Ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäherinde hem birnäçe sungat we bilim ojaklarynyň açylyp ulanylmagy berilmegi, ýaşlaryň hünär öwrenmekleri, dünýä nusgalyk Arkadag şäherinde kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döredilen giň mümkinçiliklerdir.
Bularyň hemmesi bagtyýar ýaş nesilleriň ajaýyp şu gününe, nurana röwşen geljegine gönükdirilen beýik işlerdir.
Watanymyzyň ösüşleriniň binýady ylym-bilim bilen baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sowatly, belli bir käriň eýesi bolmagy ugrundaky amala aşyrylýan beýik işler öz netijesini hem berýär. Bu gün bilim aljak, döretjek ýaş nesiller üçin ýollar açyk. Ylym-bilime, sungata, döredijilige höwesek ýaş nesilleriň döwrebap okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan bagtyýar, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, Watançy, maksadaokgunly, ynama ygrarly, belent maksatly ýaş nesilleriň ümzügi diňe öňe sary.
Şunda ýaş nesliň amatly şertlerde ýaşamagy, dynç almagy, zähmet çekmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmek, ýaşlaryň durmuş kepilliklerini gorap, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär.
Baýraklaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylýan pursatlary bagtyýar çagalygyň mekany bolan ýurdumyzda röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň mümkinçiliklerine goýulýan belent sarpanyň nyşanyna öwrüldi. Abraýly sylaglara eýe bolan ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden joşup çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Çagalaryň döredijiligini ösdürmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamynyň öňünde goýýan möhüm wezipeleriniň biridir. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň jemgyýete sazlaşykly goşulmagyny gazanmak üçin kabul edilýän maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze ýyl baýramynyň täsirlerini artdyran çärede ýurdumyzda okuwda we döredijilik dünýäsinde hem-de Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan mekdep ýaşly aýratyn zehini bilen tapawutlanan çagalara hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy gowşuryldy.
Dabaranyň dowamynda Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan çagalara türkmen aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran, şeýle hem aýdym-saz äleminiň ýakymly ýaýlasynda kämillige gol berip, halkynyň söýgüli bagşysyna öwrülen Gulbabajyk öz ýaşan gysga ömründe türkmen aýdym-saz mirasyna goşan saldamly goşandyny beýan edýän bilbil owazly bagşynyň aýdan birnäçe aýdymlary wideorolik arkaly görkezildi.
Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmen halkynyň medeni-mirasynyň, aýdym-saz sungatynyň taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetlerimize goýulýan hormatdan sarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Şowhunly çykyşlar bagtyýar körpelerde ýakymly täsir galdyrdy. Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna laýyklykda giň dünýägaraýyşly, kämil ýiti zehinli ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň tassyklanan meýilnamasy hem-de «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi döwletimizde ýaşlara berilýän üns aladanyň ýokarydygyny alamatlandyrýar.
Her ýylyň ilkinji günlerinde gowşurylmagy we çagalaň geljege höweslendirilmegi ugrunda örän ähmiýetli bolan bu çäre diňe mekdep okuwçylary üçin däl-de olaryň ene-atalary maşgalalary deň-duşlary we dost-ýarlary üçinem juda täsirlidir.
Dabaranyň dowamynda Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr garpamyk çagalary mynasyp bolan baýraklary bilen gutladylar. Türkmen ertekileriniň baş gahrymanlary bolsa özleriniň sahna eserlerini ýerine ýetirdiler. Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan çagalaryň ýerine ýetiren aýdymlary bolsa dabaranyň täsirini has-da artdyrdy.
Ýaşajyk zehinler özleriniň belent ruha beslenen çykyşlary bilen «Siz biziň geljegimiz! Biz size guwanýarys hem-de siziň oňat bilim alyp boş wagtyňyzy oňat geçirmegiňiz sagdyn ösmegiňiz üçin hemme şertleri döredýäris. Iň gowy ähli zatlary biz size öz çagalarymyza bagyşlaýarys. Şoňa göräde men siziň Watanyňyza halkyňyza mähribanlaryňyza we ýakynlaryňyza wepaly hakyky watançylar bolup ýetişjekdigiňize ynanýaryn» diýip bagtyýar ýaşlara uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyşlaryny, ýaş ýüreklerinde beslenýän arzuwlaryny beýan etdiler.
Kalby şatlykdan doly çaglar hakynda çäksiz alada edýän we olaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak hem-de ukyp başarnyklaryny açyp görkezmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, aýdyň maksatly beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. Soňra bu ýerde Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan çagalaryň gatnaşmaklarynda Täze ýyl dabarasy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly Täze ýyl baýramçylygynyň halkymyz üçin ýatda galyjy bolmagy hem-de onuň göwnejaý bellenilmegi ugrunda döwlet derejesinde dabaralandyrylmagy her bir ynsanyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny şertlendirýär we oň eşretli ýaşaýşy, döwrebap dynç alyşy hem-de şanly senelerimizi mynasyp garşylamak ugrunda beýik işleriň bitirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Täze ýyl baýramçylygynyň baş nyşanlary bolan Aýazbabadyr garpamyk Täze ýyl arçasynyň ýanynda gyzykly oýunlara gümra bolan hem-de çekeleşikli bäsleşikleri geçirýän çagalaň baýramçylyk ruhuny göterdiler. Bu bolsa Täze ýyl mynasybetli guralan dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Dabara gatnaşan körpeleriň ruhy belende göterlip olaryň şatlyklary hormatly Prezidentimiziň berkarar eden döwletine bolan buýsançlaryny goşalandyrdy. Bu bolsa häzirki döwrüň asylly ýörelgeleriniň barha rowaç alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bölüm müdiri.