Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmak boýunça netijeli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.
8-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meseleler girizildi. Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek, şeýle-de oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz öňümizdäki ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallaryň möwsüme doly taýýar edilmelidigini, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine ykjam taýýarlyk görülmelidigini tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz medeni-durmuş maksatly binalardaky ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.
8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemişe hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýandygy, halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri, aýratyn-da, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigi ýa-da gabat gelýändigi bellenildi. Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparyna we Işewürlik geňeşine aýratyn ornuň degişlidigini bellediler.
12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda kanunçylygy kämilleşdirmegiň, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň, hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde köptaraply pudaklaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm meselelerine garaldy.
Ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, möwsümleýin oba hojalyk işleri, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Döwlet we hususy tarapyň gatnaşmagynda dürli ölçegdäki polat turbalaryny öndürýän döwrebap kärhanany döretmek babatda durmuşa geçirilýän işler barada habar berildi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly bu önümler öňdebaryjy tehnologiýalardyr enjamlaryň ulanylmagy arkaly öndüriler. Şeýle hem mejlisde telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek, 2024-nji ýylda aspirantura, doktorantura, kliniki ordinatura kabul etmek, sirk sungatyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Daşary işler ministrliginiň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi. Resminamada ýurdumyzda şanly seneler mynasybetli birnäçe çäreleri geçirmek hem-de daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, ikitaraplaýyn saparlary we syýasy geňeşmeleri guramak göz öňünde tutulýar. Ulag-kommunikasiýa toplumynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynda birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Döwrebap demir ýol, awtomobil we howa menzilleriniň, ýük terminallarynyň, deňiz gämileriniň, telefon beketleriniň gurluşygyna aýratyn üns berler.
Şu ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada-da aýdyldy. Çäräniň çäklerinde Ýewropanyň birnäçe kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilen gepleşikleri, işewürlik duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz forumyň çäklerinde «Türkmenistanyň ulag toplumynyň maýa goýum mümkinçilikleri» atly plenar ýygnagy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Şeýle hem geçen hepdede döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebi we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda Karara gol çekdi.
Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Welaýatyň häkiminiň we onuň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda sebiti ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, oba hojalyk pudagyna häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny artdyrmak, pagtanyň we bugdaýyň öndürilýän möçberini ýokarlandyrmak, önümçilik, durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri yzygiderli guramak bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary şäheriniň Gurbanguly hajy metjidine bardy. Hajy Arkadagymyz metjidiň ymamy we din wekilleri bilen söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda mähriban halkymyzyň parahat, abadan, bagtyýar durmuşynyň, döwletimiziň rowaçlygynyň bähbidine giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde, sebitlerimiziň ählisinde döwrebap metjitleriň gurulmagyna uly üns berilýär.
Hajy Arkadagymyz din wekillerine ýüzlenip, ýaş nesilleriň watansöýüji, edep-ekramly, zähmetsöýer bolup ýetişmeklerinde uly işleri bitiren mähriban käbesi Ogulabat ejäniň hem-de öz manyly ömrüni Watanymyza bagyş eden kyblasy Mälikguly aganyň hatyrasyna Oraza aýynyň belli günleriniň arasynda gelýän anna gününde belli gün sadakasyny bermek baradaky teklibini ýaşulular bilen geňeşip görmeklerini haýyş etdi.
Şol gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, harby howa menziline baryp, menziliň işi, bu ýerde bar bolan uçarlaryň we dikuçarlaryň tehniki aýratynlyklary, harby uçarmanlaryň gulluk hem-de durmuş şertleri bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna, şahsy düzümiň hünär derejesini, nazaryýet, jemgyýetçilik-syýasy hem-de beden taýýarlygyny ýokarlandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri welaýatyň Murgap etrabynyň Garagum sährasynyň jümmüşinde ýerleşýän “Maldar” maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlaryna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz 550-den gowrak dowary bolan çopanyň işleri, onuň maşgala durmuşy, süriniň we öri meýdanlaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy.
Daýhanlaryň, maldarlaryň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmaklary ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur işleriň mundan beýläk-de ýerine ýetiriljekdigini belläp, Gahryman Arkadagymyz kärendeçi çopana alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, maşgala abadançylygyny arzuw etdi, çopan maşgalasyna hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite sowgatlary gowşurdy, şeýle hem çopanyň haýyşy boýunça onuň maşgalasy bilen ýadygärlik surata düşdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Tejen — Mary böleginiň gurluşygynyň dowam edýän ýerine bardy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde işleýän ýol gurluşykçylar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň iş şertleri, ulanylýan tehnikalaryň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlary gowşurdy hem-de olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Gahryman Arkadagymyz täze ýoluň ýol belgileriniň döwrebap bolmagy, ulaglaryň hereketini gözegçilige alýan ulgamyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişelik gözegçilikde saklanylmalydygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi.
12-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş saparynyň jemleri jemlenildi hem-de sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Gurbanguly hajy metjidiniň degişli binasynda Gahryman Arkadagymyzyň adyndan toý sadakasy berildi.
Şeýle hem Mary şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ýerlerde geňeşiň alyp barýan işleri barada pikir alşyldy, öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Mejlisiň agzalary Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň we kyblasy Mälikguly aganyň Oraza aýynda belli günleriniň aralygyna düşýän anna gününde belli gün sadakasyny bermek baradaky teklibini biragyzdan goldadylar.
Şeýlelikde, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir täze gününde Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda toplumlaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar we belent ynsanperwer ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygyny dünýä äşgär edýär.
(TDH)