TÜRKMENISTANDA 2024-NJI ÝYLDA 49 SANY DESGA ULANMAGA BERLER

       Türkmenistanda 2024-nji ýylda 49 sany iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow hasabat berdi.

       Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň sanawyny düzmek boýunça degişli işleriň geçirilendigini aýtdy.

       Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Her ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryňdyr desgalaryň sanawy düzülýär.

       Şu ýylda hem ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň sanawy öz içine iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 49-syny alýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

 

atavatan-turkmenistan.com