TÄZE GEPLEŞIGIMIZIŇ ILKINJI SANY ÝAZGY EDILDI

     Ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar şu güni, nurana geljegi ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Netijede ýaşlarymyz Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen amal edilýän işlere çuňňur düşünip, okamak, öwrenmek, döretmek bilen Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da beýgeldýärler. 
Döwlet Baştutanymyzyň il-günümize sowgat beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda beýan edilýän hakykatlar bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri, şol sanda ýaşlaryň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işleri dogrusynda beýan edilmegi Guramanyň agzybir işgärlerini, işjeň agzalaryny diýseň buýsandyrdy. Ýüregi buýsançly Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenmeler bilen çykyş edýärler, täze gepleşikleri açyp, nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek işlerini guramaçylykly we köptaraplaýyn alyp barýarlar. 
     Şeýle gepleşikleriň biri-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyndan ruhlanyp, bu ajaýyp eserde aýratyn bölüm hökmünde ýerleşdirilen «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» atly bölümüni wagyz etmek maksady bilen taýýarlanyldy.
Gepleşigiň ilkinji sanyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet Meredow alyp baryp, onuň ilkinji sanyna guramanyň Maglumat beriş bölüminiň müdiri Merdan Ataýew, Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni Serdar Gurbanmuhammedow hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika Institutynyň mugallymy Döwrangeldi Suwhanow dagy myhman hökmünde gatnaşdylar.
 «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» ady bilen ýazgy edilen bu gepleşigiň bu sanynda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleri, ösüşi we ähmiýeti,  ýaşlaryň ösen tehnologiýalara erk etmek başarnyklary barada gyzykly gürrüňleri etdiler.

 

Pirnazar REJEPOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we

maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.