Sişenbe güni Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Maslahata harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary çagyryldy. Şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda edilen işler, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwründe paýtagtymyzda howpsuzlygy we jemgyýetçilik tertip-düzgünini berjaý etmegiň meseleleriniň çözülişi hakyndaky hasabatlar diňlenildi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak we pugtalandyrmak hakyndaky meselelere hem seredildi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri ýurdumyzyň goranyş ukyplarynyň pugtalandyrylyşy hakynda hasabat berenden soň hormatly Prezidentimiz «Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň esasy wezipesi milli bähbitleri we howpsuzlygy nazara almak bilen, Türkmenistanyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmekden ybaratdyr» diýip belledi. Belent Serkerdebaşymyz şonuň ýaly hem milli harby serkerdeleriň täze neslini kemala getirmek işiniň we «Aşgabat 2017» oýunlarynyň geçirilýän döwründe asudalygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň ýollary hakynda anyk tabşyryklar berdi.
Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň öňünde durýan wezipeler hakynda nygtap, raýatlaryň kanuny hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmegiň, şeýle hem «Aşgabat 2017-niň» geçiriljek günlerinde paýtagtymyzyň köçelerinde ulaglaryň gatnawyny kadalaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň hasabatyndan soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dostluk serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmekde oňat tälim alan serhet bölümleriniň ýolbaşçy düzüminiň bolmalydygyny, munuň üçin ýokary taýýarlykly serhetçi harby hünärmenleri ýetişdirmelidigi hakynda tabşyryklar berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ýokary kazyýetiň alyp barýan işlerinde hereket edýän kanunçylygyň düzgünleriniň berk berjaý edilmeginiň, prokuratura edaralarynyň esasy wezipesiniň milli kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmakdan ybaratdygy hakynda nygtady.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň işine ünsi çekip, “Harby talyplar türkmen we daşary ýurt harby sungatynyň tejribesine eýe bolup, jemgyýetde kanunylygy hem-de düzgün-tertibi hemmetaraplaýyn berkitmelidir, islendik pursatda ýurdumyzyň konstitusion gurluşyny, mähriban halkymyzyň asuda we bagtly durmuşyny goramaga taýýar bolan hakyky watançylar bolmalydyr” diýip, Belent Serkerdebaşymyz aýtdy.
Döwlet gümrük gullugynda geçen döwürde edilen işler hakyndaky hasabatdan soň, Belent Serkerdebaşymyz gazanylýan ykdysady üstünlikler bilen baglylykda dünýä bileleşiginiň ýurdumyza bolan gyzyklanmasynyň artýanlygyndan ugur alyp, ýurdumyzyň serhedindäki gümrük nokatlarynyň işini kämilleşdirmek bilen ýükleri has içgin gözden geçirmegiň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet migrasiýa gullugynyň alyp barýan işlerinde “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşmaga geljek myhmanlaryň degişli resminamalaryny resmileşdirmek işini göwnejaý gurnamagyň wajyplygy hakynda nygtady.
Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy döredileli bäri alnyp barylýan işleri seljerip, milli Liderimiz korrupsiýa garşy göreşiň aýry-aýry ýagdaýlaryny ýüze çykarmak bilen çäklenmeli däldigini, korrupsiýa garşy ulgamy kemala getirmäge, şeýle hem bu ýaramaz ýagdaýy döredýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmaga aýratyn üns berilmelidigini nygtap, bu ugurda anyk tabşyryklar berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Adalat ministrliginiň alyp barýan işlerinde ilatymyza degişli hukuk kömegini bermegiň, raýatlaryň sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň, ýakynda güýje giren kanunlary düşündirmegiň wajyplygy hakynda nygtady.
Ýurdumyzyň durmuşynda köp sanly özgertmeleriň amala aşyrylýan we taryhy wakalaryň bolup geçýän şu günlerinde Harby doktrina laýyklykda, Bitarap döwletimiziň milli goşunynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, edermen Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmegi hem-de gündelik durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisini jemledi.
“Nesil” gazeti,
3108.2017ý.












