TÜRKMEN WEKILIÝETI AZIÝA PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ 14-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

       21 — 24-nji fewral aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Aziýa Parlament Assambleýasynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri gatnaşdylar.

       Aziýa Parlament Assambleýasynyň 14-nji mejlisi «Aziýada durnukly ösüş üçin sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly temada geçirildi.

       Mejlisiň dowamynda Adam hukuklarynyň we demokratik gymmatlyklaryň esasy ýörelgelerini goramaga goşant goşmagyň ähmiýeti, şeýle hem halkara hukugynyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň ýerine ýetirilmeginiň wajyplygy nygtaldy.

 

turkmenportal.com