3-NJI IÝUN — BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI

     Şu gün daň säher bilen Balkan welaýat, şäher häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi binasynyň» öňündäki meýdançada aýdym-sazly baýramçylyk çäresi we sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Soňra 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaraly welosiped ýörişi geçirildi. Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly ýörişler welaýatymyzyň ähli künjeginde uly şatlyk-şowhuna beslendi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda dünýä ýüzünde giňden bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi hem-de 2022-nji ýylyň 15-nji martynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, ýurdumyzyň sporty, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde gazanýan üstünliklerine halkara bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň we olaryň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda ilaty bedenterbiýe we köpçülikleýin sporta çekmek, agzybir jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli zähmete, Watana hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, sportda ýaş zehinlileri ýüze çykarmak, olary höweslendirmek, halkara derejesinde ussat türgenleri ýetişdirmek, milli sportumyzy dünýäde ýokary derejä götermek babatda giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalarymyzy, toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn hem beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly, halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri uly ähmiýet berip gelýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris» diýip, türkmen sportunyň täze belentliklere çykmagy üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän işler hakynda beýan edýär. Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň hatyrasyna belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.