Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçe we ýurduň ähli halkyna Horwatiýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Zoran Milanowiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Horwatiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
SalamNews