GAZAGYSTAN «PYRAGY» ADYNDAKY HALKARA EDEBIÝAT BAÝRAGYNY DÖRETMEGI TEKLIP EDÝÄR

    Gazagystanyň medeniýet we maglumatlar ministri Aida Balaýewa «Pyragy» adyndaky halkara edebiýat baýragyny döretmegi teklip edýär. Ol bu teklibi Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 17-nji maýda geçirilen halkara ylmy maslahatda eden çykyşynda öňe sürdi. Bu barada Gazagystanyň Medeniýet we maglumatlar ministrligi habar berýär. Ministriň belleýşi ýaly:

    — Häzirki wagtda gatnaşyklarymyzyň nähili depginler bilen ösýändigini we medeni-ynsanperwer ugurda özara döredijilik işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny görýäris. Şübhesiz, bularyň hemmesi iki ýurduň baştutanlarynyň tagallalary, şahsy we ynamly, dostlukly gatnaşyklary netijesinde amala aşýar. Magtymguly Pyragynyň baý mirasy halklarymyz üçin möhüm ähmiýete eýedir. Gazak halkynyň şahyra we türkmen halkyna hormatynyň nyşany hökmünde Astanada görnükli akyldaryň ýadygärligini gurmak üçin ähli zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, «Pyragy» adyndaky halkara edebiýat baýragynyň döredilmegi-de maksadalaýyk bolar.

turkmenportal.com