Ýakynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň bilelikde guramagynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Göwünlere guwanç çaýýar güli owadan halylar» atly maslahat geçirildi. Oňa halyçy gelin-gyzlar, Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň hünärmenleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenleriň her biri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halyçylyk sungatyna, milli mirasymyza hem-de ene-mamalarymyzdan gelýän el işleriniň ýaş nesillere ýetirilmegine, dowam etdirilmegine aýratyn üns berilýändigini belläp, asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşadýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Maslahatyň ahyrynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli halyçy enelerimize we gelin-gyzlarymyza jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Maglumat beriş bölüminiň hünärmeni.