HÜNÄR ŞÄHERJIGI

    Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň hem-de Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýaşlary dürli kärleriň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdyrmak, olarda zähmete bolan söýgüni terbiýelemek, dünýägaraýşyny giňeltmek, olary hünäre ugrukdyrmak, durmuşda öz ornuny tapmaga kömek bermek maksady bilen Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synplarynda bilim alýan okuwçylary üçin gurnalan «Hünär şäherjigi» atly ýaşlary hünäre ugrukdyrýan, wagyz-nesihat, baýramçylyk çäresi we döredijilik sergisi geçirildi.

    Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen badalga alan ýaşlar baradaky syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimizde ýurdumyzyň daýanjy we geljegi bolan ýaşlaryň söýgüli hünärlerine eýe bolup, jemgyýete peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri, döwrüň ösen talaplaryna laýyk hünärleri ele almaklary üçin döwlet derejesinde çäksiz alada edilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, zamanabap tehnologiýalardan, sanly ulgamdan baş çykaryp, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler döredilýär.

    Ynsan okamak, gözlemek, gurmak, döretmek bilen kämillige tarap ösýär, belent sepgitlere ýetýär, uly mertebe gazanýar. Yhlas bilen okamak, öwrenmek, döredijilikli  we tutanýerli zähmet çekmek bilen eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, bagtyýar we abadan durmuşyň hatyrasyna döretmek, gurmak, uly üstünlikleri gazanmak, elmydama kämillige ymtylmak watansöýüji, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly bolup ýetişmek bu günki päk ahlakly bagtyýar nesilleriň mukaddes belent borjy we baş maksady bolup durýar.

    «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny has-da ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän işler toplumlaýyn häsiýete eýedir.

    Şunda ýaş nesle döwrebap bilim we asylly terbiýe bermek, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy sünnäläp gelen baý milli mirasyna, ýol-ýörelgelerine täze öwüşgin berip, okuw-terbiýeçilik işlerinde giňden ulanmak asylly ýörelgä öwrüldi.

    Baýramçylyk çäresine gatnaşan tejribeli mugallymlar, lukmanlar, medeniýet we sungat işgärleri, beýleki hünärleriň wekilleri ýaşlar bilen söhbetdeş boldular, olaryň soraglaryna jogap berdiler.

    Ýurdumyzyň beýik ýeňişlerinden ruhlanyp, ylhamlary has hem joşýan suratkeşlerimiziň, heýkeltaraşlarymyzyň, zergärlerimiziň, medeniýet işgärlerimiziň döreden sungat eserlerinden, biziň öýlerimizi, toýlarymyzy, şäherlerimizi bezeýän eli çeper halyçylarymyzyň nepisden – nepis halylaryndan, amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalaryndan, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriň taýýarlan maketlerinden we döredijilik işlerinden guralan döredijilik sergisi, çäräniň esasy bezegi boldy.

    Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar täze taryhy döwürde toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzy, mähriban halkymyzy bagtyýar we röwşen geljege alyp barýan hem-de ýaşlaryň göwün söýen hünärlerini ele almaga ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli uly tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!

 

Näzik ATAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.