Ýer togalagynda şeýle ýurt bar, ol ýurduň halky baky bagtyň goýnunda ömür sürýär, ýaşlary Watanyň daýanjyna deňelýär. Dünýäde şeýle ýurt bar, binalary bulutlaryň böwrüni deşýär, gözelleri güller bilen bäsleşýär. Elbetde, bu ýurt biziň ata Watanymyz – Türkmenistanymyz. Bu halk biziň agzybir türkmen halkymyz. Bagtyýar zamanada Watanyň daýanjyna deňelýän ýaşlar bolsa, türkmen ýaşlarydyr.
Ýyllary biri-birinden zyýada gelýän, Hakyň nazary düşen gözel Diýarymyzda geçýän günlerimiz ýatdan çykmajak wakalara, ajaýyp pursatlara beslenýär. Üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güniniň taryhyň gatlaryna zerlenip ýazylýandygyny goşa-goşadan gelýän baýramlaryň şanyna geçirilýän dabaralaryň üsti bilen aýdyň görmek bolýar. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda merjen şäherimiz Aşgabadyň günortasynda açylyp ulanylmaga berlen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we akyldaryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumy hem taryhy wakalaryň geçirilýän ýerine öwüldi. Bu mukaddes mesgene Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşleriniň guramagynda, halypalaryň we TMÝG-niň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda edilen gezelenç ajaýyp pursatlary bilen ýaşlaryň hakydasynda müdimilik ornady.
Köpetdagyň eteginde seleňläp duran ýadygärligiň gaşynda Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Orazguly Annaýewiň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlara beren gyzykly gürrüňleri, ýaşlaryň döwletli döwranymyzy, beýik akyldar Magtymguly Pyragyny wasp edip okap beren goşgulary gezelenjiň täsirini has-da atdyrdy.
Şu ýerde göniden göni Kerim Gurbannepesowyň dürdäne setirleri seriňe dolýar:
Pyragyň gaşynda goşgy okamak –
Aňlaýanlar üçin iň agyr hormat...
Pyragyň gaşynda goşgy okamak –
Ynsabyň gaşynda goşgy okamak.
Üm bilen, söz bilen aýdyp bolmajak
Hasabyň gaşynda goşgy okamak...
Asman bilen Zeminiň arasyna berkarar döwleti syn edip duran Pyragynyň arzuwlary wysalyna gowuşdy. Dünýäniň onlarça ýurtlarynyň akyldarlarynyň ýadygärlikleriniň hem bu mesgende jem bolmagy türkmen halkymyzyň dünýäde dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilik taglymatyny öňe sürýändigini äşgär edýär. Bu bolsa, şahyryň:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň. –
diýen setirlerini ýene bir ýola tassyklaýar.
Täze taryhy eýýamda biz ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagymyz, hünär öwrenmegimiz we döredijilik ukybymyzy has-da açyp görkezmegimiz üçin ähli mümkinçilikler döredip berýän, türkmen we dünýä edebiýatyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza türkmen ýaşlarynyň alkyşlary soňsuzdyr. Watanyň geljegini biz ýaşlarda görýän, Magtymguly Pyragynyň sarpasyny äleme ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
«Magtymguly» diýip tutulýar adyň,
Arzuwlaryň wysal bolmuş Pyragy.
Gurup giden söz mülkünden binýadyň,
Ter miwesin berýär şygryýet bagy.
Ylhamyň çeşmesi — eserleriňde,
Milliligiň şuglasy bar, heňi bar.
Garaşsyz, Bitarap, berkarar ýurtda,
Uly şanly senäň beýik ýaňy bar.
Lebzi halal türkmenimiň alnynda,
Ynamly geljegiň aýdyň daňy bar.
Pähmiň bilen edip seýil-seýranlar,
Ylymdan mynasyp aldyň serpaýyň.
Rowaçlanýan ýurtda şanly toýuňa,
Ajaýyp heýkeliň guruldy gaýym.
Gelýärler toýuňa dost-dogan bary,
Ykrar edip adyň dünýä, Pyragy!
Çeper NAZARGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.