SIAN ŞÄHERINDE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE HYTAÝYŇ ÝAŞLARYNYŇ DIALOGY GEÇIRILDI

Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde dowam edýän “Geljege köpri-2024” forumynyň çäklerinde, 20-nji maýda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň dialogy geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen wekiliýetler, Hytaýyň Ählihytaý Ýaşlar federasiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle-de degişli halkara guramalaryň wekilleri, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr magistrantlary hem-de bu ýerde bilim alýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlary, jemi 150-den gowrak adam gatnaşdy.

Forumda halkara derejede  ýaşlaryň özara hyzmatdaşlygyny berkitmek we “ýaşyl” ösüşi çaltlandyrmak babatda pikir alşyldy.

Gün tertibi boýunça çäräniň barşynda ýerli resmi adamlaryň hem­de Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Bellenilişi ýaly, şeýle forumlar özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýär hem-de ýaşlaryň dostlukly gatnaşyklary giňeltmekde we berkitmekde yhlaslydygyny, bu ugurda dürli pudaklarda edilýän tagallalara işjeň goşulyşýandygyny görkezýär.

Forumda özbek wekiliýetiniň ýolbaşçysy şu ýylyň 25-30-njy iýuny aralygynda Özbegistanda Bütindünýä ýaşlar festiwalynyň geçiriljekdigi barada hem belläp geçdi.

Soňra forum öz işini degişli bölümçelerde dowam etdi. Olarda “ýaşyl” ösüş üçin ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny berkitmek we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde ýaşlaryň orny ýaly temalar boýunça çykyşlar diňlenildi.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary öz çykyşlarynda Türkmenistanda ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň oňyn netijelere beslenýändigi, hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň maý aýynda Sian şäherinde Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde öňe süren teklibi boýunça geçen ýylyň noýabrynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” ady bilen üstünlikli geçirilen ýaşlar forumynyň şunda uly ähmiýete eýe bolandygy barada hem belläp geçdiler.

Günüň ikinji ýarymynda foruma gatnaşyjylar Sianyň oba hojalygyna ýöriteleşdirilen Ýanlin sebitindäki degişli kärhanalara we oba hojalygy boýunça innowasion merkeze baryp gördüler.