«GÖZELLIGIŇ PAÝTAGTY SEN – AŞGABAT»

     Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi hem-de Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Gözelligiň paýtagty sen – Aşgabat» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

     Onda çykyş edenler Halkymyzyň beýik söýgüsine hem buýsanjyna beslenen eziz hem mukaddeslik saýylan gymmatlyklar hemişe göwnüňi telwaslandyrýar, ylhamyňy joşdurýar. Watanymyz onuň ak mermerli paýtagty şol gymmatlyklaryň mukaddeslikleriň hatarynda buýsandyrýar. Eziz Watanymyza we onuň paýtagtyna söýgümizi buýsanjymyzy dabaralandyrýan täze taryhy eýýamda Aşgabady binagärlik gurluşy düzümi abadanlaşdyrylyşy taýdan nusgalyk şähere öwüren hormatly Prezidentimize çuňňur hormatyň belent sarpanyň Watan hem Aşgabat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň her birimiz üçin eziz bolan merkezi şäherimiz «Nesilleriň buýsanjy – Ak şäherim Aşgabat» diýen ganatly sözler dilimiziň senasyna kalbymyzyň aýdymyna öwrülip biziň durmuşymyzda bütin aýdyňlygy bilen görünýär.

     Muňa, Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

     Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar gün-günden gözel keşbe girýän paýtagtymyzyň ajaýyp häzirki döwrüni we röwşen geljegini giňden dabaralandyrýan, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda irginsiz iş alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, mertebeli başlarynyň belent, Aşgabat şäherimiziň halkara derejesini beýgeltmäge gönükdirilen giň göwrümli aýdyň maksatly işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. Dabarada ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar oňa gatnaşyjylarda ýakymly duýgylary döretdi.

 

Didar GELDIÝEW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.