Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ylymda, bilimde, sungatda, medeniýetde birnäçe öňegidişlikleri gazanýar. Häzirki wagtda öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli medeniýetimiz, baý sungatymyz uly depginde ösdürilýär. Munuň bilen bir hatarda şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatymyz uly ösüşleri gazanýar. Bu babatda ata Watanymyzyň milli mirasyna, şekillendiriş we amaly-haşam sungatyna, onuň dürli görnüşlerine sarpa goýmak, olaryň görnüşleriniň ähmiýetini doly öwrenmek, aýdyň göz ýetirmek, dünýä derejesinde tanatmak, goňşuçylykly dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak wajyp meseleleriň biri bolup durýar.
Sungata, medeniýete sarpa goýýan eziz Diýarymyzda alnyp barylýan dostlukly gatnaşyklaryň, medeni çäreleriň biri-de TÜRKSOÝ halkara guramasynyň düzümine girip, guramanyň çäginde geçirilýän işler bolup durýar. Bu gurama döredilenden bäri türki dilli halklaryň arasynda medeni gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýär. TÜRKSOÝ-nyň esasy maksatlary – umumy türki medeniýeti öwrenmek, baý ruhy we medeni mirasy gorap saklamak, türki dilli halklaryň döredijilik işgärleriniň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmekdir.
Şeýle çäreleriň biri-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 4 – 9-njy noýabry aralygynda Türkiýe döwletiniň Stambul şäherinde geçirilen «Uly sähranyň ruhy – Türk dünýäsiniň suratkeşleri Çingiz Aýtmatowy ýatladýar» atly halkara serginiň açylyşy bolup, türki dünýäsiniň dürli sebitlerinden 16 sany ussat suratkeşleriň 130 sany eseri görkezildi. Bu dabaraly çärä ýurdumyzdan Türkmenistanyň Gahrymany, Halk suratkeşi, ussat heýkeltaraşy Saragt Babaýew hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşlyk» kafedrasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradow gatnaşdylar.
Bu dabaraly çärede Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew «Hormatly agza nyşany» we «Nakgaşlyk» kafedrasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradow «Habarçy agza nyşany» bilen sylaglandylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Gahrymany, halk suratkeşi Saragt Babaýewe «Türki dünýäsiniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi» diýen hormatly at dakyldy. Bu bolsa türkmen sungatynda gazanylýan üstünlikleriň nyşany bolup durýar. Saragt Babaýew we Gahryman Goçmyradow ýaly türkmen döredijileri TÜRKSOÝ-nyň agzasy bolmak bilen, onuň maksadyna laýyklykda türki dilli halklaryň medeni baglanyşyklaryny pugtalandyrmaga goşant goşýarlar. Bu bolsa türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň işleriniň halkara derejede tanalýandygynyň we ykrar edilýändiginiň özboluşly subutnamasydyr.
TÜRKSOÝ – türki dilli döwletleriň arasynda «medeni köpri» hökmünde çykyş edip, halklaryň dostlugyny, özara hormatyny we ruhy jebisligini üpjün edýän möhüm gurama bolup hyzmat edýär. Ol türki halklaryň baý medeniýetini geljek nesillere ýetirmekde möhüm orun eýeleýär.
Biziň baý milli mirasymyzyň, sungatymyzyň, medeniýetimiziň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi hem-de geljek nesillere ýetirilmegi babatda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Akjemal PYGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti»
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.












