AŇSAT IŞ

     Bir adam özüniň dostuna — orkestriň dolandyryjysyna orkestre işe ýerleşmek isleýändigini aýdypdyr.

     — Beh, seniň saz çalyp bilýänligiňdenem bihabardym — diýip, orkestriň ýolbaşçysy aýdypdyr.

     — Saz çalyp bilemok. Ýöne sende bir kişi, beýlekiler saz çalýarka, diňe taýajyk galgadan bolup dur-a. Şol işiň-ä men hötdesinden gelip bilerdim — diýip, aňsat işiň hyrydary bolan kişi aýdypdyr.

 

Terjime eden:

Orazmyrat MYRADOW.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR