MEDENI MIRAS – HALKYŇ RUHY BAÝLYGY

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taglymaty esasynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmäge, jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmaga we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýän taryhymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy, ene dilimizi, edebiýatymyzy düýpli öwrenmäge, halkymyzyň milli medeni mirasyny gorap saklamaga, onuň çuň many-mazmunyny dünýä ýaýmaga hem-de geljekki nesillere ýetirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär.

Medeni miras — geçmişden geljege uzap gidýän beýik köprüdir. Ol halkyň taryhyny, däp-dessurlaryny, döredijiligini we ruhy baýlygyny özünde jemläp, nesilleriň arasynda bitewi gatnaşyklary döredýär. Medeni miras diňe bir sungatyň ýa-da gadymy ýadygärlikleriň toplumy bolman, eýsem, milletimiziň milli ýörelgeleriniň, durmuş pelsepesiniň, pikirlenişiniň we döredijilik güýjüniň aýdyň beýanydyr.

Häzirki wagtda türkmeniň taryhynda medeniýetiň ähli ugurlarynda emele gelen kämil derejeli mirasy öwrenilip, täze belentliklere çykarylýar. Halk döredijiligi, aýdym-saz sungaty, çeper we sungat eserleri, medeni durmuşyň binalary, umuman, ruhy we maddy gymmatlyklarymyzyň ählisi döwrüň we döwletiň ösüşine kuwwatly itergi berýär. Medeniýetiň we sungatyň, edebiýatyň gymmatlyklary halkymyzda ösüşiň täze belentliklerine tarap hyjuwly hereket etmegine şert döredýär.

Her bir halkyň medeni mirasy onuň şahsyýetini, dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny görkezýär. Gadymy binagärlik ýadygärlikleri, arheologik tapyndylar, folklor, saz we tans sungaty, milli däp-dessurlar – bularyň ählisi halkyň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegidir. Olary gorap saklamak halkyň taryhyň öňündäki borjy bolup durýar. Häzirki döwürde dünýäniň köp ýurtlarynda medeni mirasy gorap saklamak uly ähmiýet berilýän meseleleriň biridir. Halklaryň milli aýratynlyklaryny, taryhy we medeni köklerini goramak, täze nesillere ýetirmek diňe bir medeni taýdan däl, eýsem, syýasy we ykdysady taýdan hem möhüm hasaplanýar. Şol sebäpli ÝUNESKO ýaly halkara guramalar medeni mirasyň goraglylygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli işleri alyp barýarlar.

Medeni mirasy öwrenmek we gorap saklamak geljek nesilleriň ruhy taýdan kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Ol ýaşlary watançylyk, söýgi, döredijilik we jemgyýetçilik jogapkärçilik ýaly ýokary ruhy gymmatlyklara ugrukdyrýar. Medeni mirasyň dowamlylygy halkyň beýik taryhynyň we milli şahsyýetiniň saklanyp galmagynyň kepilidir.

Ahmet GYŞYKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

17 Sentýabr 2025 | 23 okalan

MEDENI MIRAS – HALKYŇ RUHY BAÝLYGY

16 Sentýabr 2025 | 64 okalan

TÜRKMEN MILLI ŞAÝ-SEPLERI