ÇÖREK RUHY MUKADDESLIKDIR!
Çörek adamzat üçin ähli eşretlerden beýigidir. Çörek – gudratly söz. Bu ynsanyň ýaşamagy üçin suw we howa dek zerur. Bugdaýy ekinleriň genji saýan türkmen halky çöregi gadymy zamanlardan bäri hormatlap, maňlaýyna sylmagy, çöregiň owuntygyny hem ýere gaçyrmazlygy adata öwrüpdir.
Çörek keramatdyr. Asyrlaryň dowamynda çöregiň keramaty dogrusynda dürli däp-dessurlar döredilipdir. Miladydan ozalky I müňýyllygyň ýazuw ýadygärligi bolan «Awestada» hem çöregiň keramatly güýje eýedigi beýan edilýär: «Berekediň açary daýhanyň elindedir. Däne peýda bolanda, döwler derleýärler, degirmen peýda bolanda, döwler howsala düşýärler, un peýda bolanda, döwler gorkudan ýaňa bogazyna sygdygyndan gygyryp başlaýarlar, haçanda çörek bişirilende, döwler ondan hem beter gorkýarlar». «Nan - öwlüýä», «Nan - bereket», «Duz-çörekden şeýtan gaçar», «Däne aýan dänä ýeter, nany aýan - nana» ýaly pähimler nanyň – duz-çöregiň türkmen halky üçin gadyr-gymmatynyň örän ýokary bolandygynyň güwäsidir.
Türkmenler uzak ýola düşenlerinde, ýoldaşlyk üçin tamdyrdan lowurdap çykan mele-myssyk çöregi ýanlaryndan goýmandyrlar. Gadymy ynanja görä, çölde Hydyr ata ýany çörekli adama duş gelýärmiş.
Milli däp-dessurlara görä, türkmen halky çöregi saçakda ters goýmaýar.
Türkmen çöregiň üstünden ätlemegi külli günä hasaplaýar. Bolelinligiň we abadançylygyň, bagtyň we rowaçlygyň goşalanyp gitmeginiň nyşany hökmünde toýlara-da jübüt çörek alnyp gidilýär. Çörek – gadymy hem myhmansöýer halkymyň kalby ýaly sahy toý saçaklarymyzyň bezegi!
Men kalbymda mukaddeslik hökmünde orun alan çöregiň keramaty hakyndaky bir rowaýaty beýan edeýin. Talyplyk ýyllarymda obamyzyň ýaşulularyndan eşiden rowaýatymda şeýle diýilýär: «Meşhur şahyr we serkerde Baýram han günleriň birinde serkerdeleri bilen sapara ýola rowana bolupdyr. Baýram hanyň gözi ýoluň ýakasynda ýatan çöregiň bölejigine düşýär. Ol derrew atyndan düşýär-de, çöregi alyp, goltugyna salýar. Serkerdeleriniň biri: «Belent Serkerdämiz! Näme üçin bize buýurman, özüňiz atdan düşdüňiz?» diýip, ondan soraýar. Baýram han: «Çöregi ilki men gördüm, ony ýerden almagy başga birine buýurmak çörege hormat goýmadygym bolardy» diýip jogap beripdir». Bu rowaýat müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň sygnyp gelen ýörelgesi, nesiller üçin hiç wagt gymmatyny ýitirmejek ynsanperwer wesýeti.