ALAJALY ÝOL — NURANA ÝOL

Paýhasly ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň dürli reňkli sapaklardan örüp döreden, milliligiň beýik nusgasyna deňelýän alajalarymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna berk ornady. Alaja — diňe bir bezeg bolman, ol türkmen halkynyň dünýägaraýşynyň, ruhy ýaşaýşynyň, ynançlarynyň we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň nyşany bolup hyzmat edipdir. Alaja halkymyzyň geçmişini, häzirki gününi we geljegini baglaýjy hökmünde öz ähmiýetini ýitirmän gelýär.

Alaja — nepisligiň, milliligiň hem-de çeperçiligiň naýbaşy nusgasydyr. Gyzjagazlarymyzyň ilkinji öwrenýän el işi bolan alajalar hemmelerde uly gyzyklanma döredýär. Onuň ak we gara, şeýle-de dürli reňkli sapaklar goşulyp, işilýän hem-de örülýän görnüşleri bardyr. Alaja halkymyzyň kalbyndaky ýagşy arzuw-umytlaryň nyşanydyr. Ýagşy gylyk-häsiýetleri, asylly ýörelgeleri hemra edinip gelýän türkmende alaja gözden-dilden goraýan, agzybirlige çagyrýan ruhy medeniýetiň maddy gymmatlyga aralaşan keşbidir. Alajalary oglan-gyzlarymyzyň egin-eşiklerine berkitmekleri, rowaçlygyň nyşany hökmünde goşarlaryna dakmaklary, maşgala ojaklarynda sallançaklara, ulanylýan gurallara baglamaklary, şeýle hem öý haýwanlaryna, esasan-da, türkmeniň göz guwanjyna deňelýän, ýelden ýyndam bedewlerimize dakmaklary halkymyzyň iň ajaýyp däpleriniň biridiginiň subutnamasydyr.

Türkmen alajasy halkyň gündelik durmuşynda hem-de medeniýetinde möhüm orny eýeleýär. Ol, esasan, ýüň ýa-da ýüpek ýüplüklerden örülýär we dürli şekiller bilen bezelýär. Ol diňe bir gündelik durmuşda ulanylman, eýsem, ýörite däp-dessurlarda, mysal üçin, toýlarda, uly medeni çärelerde we baýramçylyklarda hem ulanylyp, has möhüm ähmiýete eýedir. Alajadaky çeper şekiller türkmen halkynyň döredijilik ukyplarynyň we ruhy dünýäsiniň gözelliginiň mazmuny bolup durýar. Onuň görnüşleriniň birnäçesi halkyň ýaşaýyş derejesiniň, daşky gurşawyň we taryhy ýagdaýlaryň aýratynlyklaryny görkezýän many-mazmuna eýe bolup, halkyň aýdyň ösüşini ykrar edýär.

Türkmen alajasy diňe bir milli medeniýeti görkezmek bilen çäklenmän, ol halkyň taryhyny, edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny hem aýdyň görkezýär. Ol türkmen halkynyň ýörelgelerini, milli baýlygyny we medeniýetini özünde jemleýän esasy amaldyr. Halkyň gündelik durmuşynda, däp-dessurlarynda we döredijilikde möhüm orna eýedir.

Alajanyň taryhy köklerine ser salsak, ol müňlerçe ýyllara uzap gidýär. Irki döwürlerden bäri däp bolup gelýän bu gorag serişdesi gadymy türki halklarynyň ýaşaýşynda hem duş gelýär. Şeýle gorag nyşanlarynyň Merkezi Aziýanyň beýleki halklarynda hem duş gelýändigi, bu däp-dessuryň kökleriniň umumy türki medeniýetine esaslanýandygyny görkezýär.

Beýik türkmen alymlarynyň we etnograflarynyň pikirine görä, alajanyň peýdalanylmagy şamançylyk döwrüniň nyşanlaryna-da gabat gelýär. Şamançylyk döwründe dürli reňkleriň ruhy dünýä bilen baglanyşýandygy, olaryň adam ömrüne ýetirýän täsiri hakyndaky ynançlar giň ýaýrapdyr. Alaja şol ynançlaryň dowamy hökmünde häzirki döwrümize çenli gelip ýetipdir.

Gara reňk — ýaramazlykdan, göz degmekden, nazardan goraýjy nyşan hökmünde düşünilýär. Ak reňk bolsa — päkligiň, arassalygyň, ýagşylygyň nyşanydyr. Şol iki reňkiň sazlaşygy — ýaşaýşyň, ýagşy bilen ýamanlygyň, ýagtylyk bilen garaňkylygyň alamaty hökmünde görülýär. Alaja halkymyzyň durmuşynda bäbek dünýä inen gününden başlap, gojalyk müçesine çenli — dürli maksatlar bilen ulanylýar.

Alaja — türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda dörän ruhy, medeni we jemgyýetçilik ýaşaýşynyň aýrylmaz bir bölegidir. Alajaly ýol — nurana ýol. Alajaly öý — rysgally öý. Halkymyzyň bu milli bezegi geljekki nesillere gymmatly mirasdyr.

Gyzylgül GURBANOWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag

kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.

 

“Zenan kalby” žurnaly.

Meňzeş habarlar

21 Oktýabr 2025 | 17 okalan

ALAJALY ÝOL — NURANA ÝOL

20 Oktýabr 2025 | 96 okalan

HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝOLY — DURMUŞ MEKDEBI

17 Oktýabr 2025 | 153 okalan

KEÇEÇILIK SUNGATY