Halkymyzyň döreden ýagşy däp-dessurlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap röwüşde üstünlikli dowam etdirilýär. Şolaryň biri-de halypa-şägirtlik ýörelgesidir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ata-babalarymyzda öz bileniňi özgelere-de öwretmek, ýörite ussatlary ýetişdirmek parz saýylypdyr. Halypa hormaty peder sarpasy deýin belent tutulypdyr. Şägirt, okuwçy öz perzendiň deýin eý görlüpdir. Şeýdibem, halypa-şägirtligiň durmuş mekdebi döredilipdir» diýip belleýär. Diýmek, halypa öz durmuş, döredijilik we zähmet tejribelerini geljekki nesillere geçirip, olary kesp-käre we durmuşa taýýarlaýar.
Biz durmuşda «halypa» sözüni juda kän eşidýäris. Sebäbi ykbalyny baglan hünäriniň ilkinji menzillerinde ýaşlara ýol görkezýän, üstünliklerini we bärdengaýtmalaryny düşündirýän, ýagşyny-ýamany seljermäge ýardam edýän adam gerek. Şeýle ýagdaýda ýaş işgär dessine alan bilimini tejribe bilen utgaşdyrýar. Netijede, saýlan käriniň inçeliklerine tiz aralaşyp, işde hiç hili bökdençlik bolmaýar. Halk arasynda: «Halypa bilen alty aýlyk menzil alty günde geçilýär» diýen aýtgynyň ýörgünli bolmagy hem, megerem, şonuň üçindir. Bularyň ählisi halkymyzda halypa-şägirtlik ýörelgesine möhüm ähmiýet berlendigini, onuň uly durmuş mekdebidigini tassyklaýar. Hut şoňa görä-de, Milli Liderimiz: «Halypa — öz başarýan hünärini inçelikleri, syrlary, täsinlikleri bilen öz okuwçysyna, şägirdine geçirýän adam. Halypa — başarnyklary indiki nesle geçirýän, ýetirýän köpri» diýip nygtaýar.
Türkmen taryhynyň şöhratly sahypalaryny agtaranyňda, halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň beýleki ähli ugurlarda bolşy ýaly, ylmyň ösmeginde, nesilden-nesle geçmeginde hem-de soňky nesillere gelip ýetmeginde hyzmatynyň örän uludygyna göz ýetirýärsiň. Çünki ylym adamlary, alymlar, danyşmentler halypa-şägirtlik ýoluny özboluşly sungat mekdebine öwrüpdirler. X-XI asyrlarda Horezmi dolandyran Yrakylar, Mamunlar nesilşalygy döwründe ylym-bilimiň ösmeginde halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň täsiri uly bolupdyr.
Mälim bolşy ýaly, şol döwürlerdäki Sag kenar Horezmiň paýtagty Kät şäherinde, şeýle-de Çep kenar Horezmiň paýtagty Gürgençdäki «Mamunyň akademiýasynda» işlän akyldarlar halypa bilen şägirdiň pikir alyşmak arkaly ylmy döredijilik bilen meşgullanmagyny goldap, bu babatda ähli zerur şertleri döredipdirler. Horezmşalar ylymdan ýüki ýetik halypalaryň öz döwletiniň şäherlerinde, paýtagtynda ornaşmaklary ugrunda aladalanypdyrlar. Halypalar nirede bolsa, şägirtleriniň onuň töwereginde bolmalydygyna oňat düşünipdirler. Şonuň netijesinde, X-XI asyrlarda öz döwrüniň ussat halypa alymlarydyr şägirtleri Horezmde bir ýere jemlenipdir. Bu ägirtleriň döredijilikli ylmy zähmeti netijesinde, soňky asyrlarda ylym äleminde ýolgörkeziji ýyldyz bolup hyzmat eden tebigy, takyk, ynsanperwer ugurlara degişli ylmy işler ýazylypdyr.
Horezmşalaryň köşgünde uly hormatdan peýdalanan halypa-şägirtleriň biri-de 960 — 1035-nji ýyllarda ýaşap geçen Abu Nasr ibn Yrak bilen 973 — 1048-nji ýyllarda ýaşap geçen Abu Reýhan al-Birunydyr. Döwrüniň ussat alymlary 995-nji ýyla çenli Kät şäherinde, 1004 — 1017-nji ýyllar aralygynda Gürgenç şäherinde Horezmşalaryň, 1017-nji ýyldan başlap Gaznaly soltanlarynyň howandarlygynda ylym bilen meşgullanypdyrlar. Ibn Yrak öz döwrüniň meşhur matematigi we astronomy bolupdyr. Ol astronomiýa we matematika degişli otuza golaý ylmy işi döredipdir. Omar Haýýam Ibn Yrak barada: «Bu ynsan matematika bilen meşgullanýanlaryň arasynda iň beýik alymdyr» diýipdir. Ibn Yrak şar şekilli üçburçluklar üçin sinuslaryň teoremasyny subut eden ussat halypadyr. Orta asyrlarda Ibn Yrak «Ikinji Ptolomeý» diýen at bilen tanalypdyr. Biruny Ibn Yragyň elinde terbiýelenipdir. Ibn Yrak onuň pederiniň ornuny tutan howandary, ilkinji mugallymy bolupdyr. Ibn Yrak beýik alym hökmünde Birunynyň tebigy zehinini ösdüripdir we şol ruhda terbiýeläpdir. Biruny özüniň dürli eserlerinde halypasyny uly hormat we minnetdarlyk bilen ýatlapdyr, birnäçe eserini halypasyna bagyşlapdyr.
Biruny ýaşlykdan halypasynyň şahsy kitaphanasyndaky golýazmalar bilen içgin gyzyklanyp, ylmyň dürli pudaklaryna aralaşypdyr. Onuň ýardam etmeginde grek we arap dillerini özleşdiripdir, tebigat bilimlerini, filosofiýany, taryh ylmyny aýratyn gyzyklanma bilen öwrenipdir. Ol 995-nji ýylda 22 ýaşyndaka Ýeriň globusyny ýasapdyr. Bu globus diňe bir Gündogarda däl, eýsem, bütin dünýäde-de ilkinji Ýer globusy hasaplanýar. Birunynyň astronomiýanyň inçe taraplaryny düýpli öwrenmeginde we esasy ylmy işlerini astronomiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşdyrmagynda halypasy Ibn Yragyň tagallasy uludyr. Ussat halypanyň irginsiz aladalary netijesinde, dünýä ylmynda beýik alym, gaýtalanmajak zehin — Abu Reýhan al-Biruny kemala gelipdir.
Biruny halypasyna uly hormat-sarpa bilen jogap gaýtarýar. Bu bolsa Gündogarda, şol sanda türkmen halkynda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň özboluşly aýratynlygy bolup, nesilden-nesle geçipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda halypa-şägirtlik ýörelgesi ähli ugurlarda barha rowaçlanýar. Çünki bu ýol uly durmuş mekdebidir. Halypalara hormat goýmak, olaryň pähim-paýhasyna uýmak her bir şägirt üçin mukaddes borçdur. Halypasynyň patasyny alan şägirdiň geljekki zähmet we durmuş ýolunda işleri rowaçdyr.
Läle ALLABERDIÝEWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň taryh we jemgyýeti öwreniş mugallymy.
«Nesil» gazeti 14.10.2025 ý.