GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMEN MEDENIÝETI» ATLY KITABYNDAN

Türkmenistan – irki ekerançylyk we şäher medeniýetiniň Watany

Dünýä medeniýeti dünýä halklarynyň medeniýetleriniň jemidir. Mes toprakda ekilen agajyň bol miwe getirişi ýaly, her bir halk öz medeniýeti bilen dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna goşandyny goşýar.Türkmen medeniýeti hem umumadamzat medeniýetiniň baýlaşmagyna uly goşant goşan medeniýetdir we şol bir wagtyň özünde bütin adamzadyň baýlygydyr. Bu medeniýet özüniň ösüşine uzak taryhy ýoly – adamzadyň döreýiş döwründen, tä biziň günlerimize çenli eýýamlary aşyp, heňňamlary hem-de döwürleri geçip gelýär. Türkmenistanyň köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýan buýsançly medeniýeti adamzadyň geçmişine göz aýlamaga, halklaryň we medeniýetleriň özara gatnaşygyna düşünmäge hem-de olary ösdürmäge ýardam berýär.

Çölde, sähralaryň jümmüşinde, dag eteklerinde, jülgelerde, gurap giden derýalaryň gadymy hanalarynyň ugrunda, gowaklarda, gonalgalarda duş gelýän medeniýetleriň galyndylary – dabarasy daglar aşan şäherler, köşgi-eýwanlar beýik Taňrynyň nazar salan mukaddes türkmen topragynyň Müsür, Mesopotamiýa, Hindistan, Hytaý ýaly ilkinji ylymlary we bilimleri, medeniýetleri hem-de sungatlary özünde jemleýän gadymy mekandygyny ykrar edýär.

Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri gözel tebigaty, hoşgylaw adamlary, şirin aýdym-sazy, durmuş gurluşy hem-de ynsanperwer ýörelgeleri bilen özüne bendi ediji güýç-gudrata eýe bolan ülkedir.

Miladydan öňki VII-V müňýyllyklarda Türkmenistanyň çäginde sak, massaget, dah, ahameni, par ýaly gadymy taýpalaryň we halkyýetleriň ýurt tutunmagy hem-de ynsan ýaşaýşynyň ilkinji esaslaryny şöhlelendirýän maddy medeniýetleriň ýüze çykmagy ilkidurmuş jemgyýetiniň örän uzak döwrüniň tamamlanyp, adamzat durmuşynyň hemmetaraplaýyn ösüş ýoluna düşendigini görkezýär.

Taryh ýaşaýyş üçin örän amatly bolan bu ülkäniň mes topragynyň, çeşmeli jülgeleriniň, ygally sähralyklarynyň müňlerçe ýyllar mundan ozal daýhanlaryň ýadawsyz zähmeti bilen özgeren, şonuň ýaly-da gülläp ösen ekerançylyk merkezi bolandygyna hem şaýatlyk edýär.

Meňzeş habarlar

10 Oktýabr 2025 | 257 okalan

GADYMY RUMYSTANYŇ BILBILI

30 Sentýabr 2025 | 593 okalan

PARYZDEPE ÝADYGÄRLIGI