Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde ýurdumyzyň ýaş terjimeçileriniň arasynda yglan eden «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent sepgitlere ýetýär. Ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmaklary, döredijilik zehinini ösdürmekleri, dünýä dillerini öwrenmekleri, edebiýat we sungat bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen sözlerinden ugur alyp geçirilen döredijilik bäsleşigi ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmekde, edebi terjimeleriň üsti bilen dost-doganlygy pugtalandyrmakda, zehinli ýaş terjimeçileri ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir.
Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeginden ýaş terjimeçileriň 300-e golaýy gatnaşdy. Olar dünýä meşhur ýazyjy-şahyrlaryň kyssa eserlerinden, poemalaryndan hem-de goşgularyndan türkmen halkynyň döwrebap, milli-ruhy ýörelgelerine we ahlak gymmatlyklaryna laýyklykda, bir parçany türkmen diline terjime edip, terjimeçilik başarnyklaryny görkezdiler.
Emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, gatnaşyjylaryň 15-si ýeňiji diýlip yglan edildi. Baýrakly orunlary eýelän ýaşlara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döredijilik zehinini ýüze çykarmakda hem-de ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.












